Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Slowak dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan toparynyň günbatar toparçasyna degişlidir. Slowakiýanyň döwlet dilidir. Slowak dilinde 5 mln töweregi adam gepleýär. Günbatar slowak, orta slowak, günorta slowak şiweleri bar. Grammatik gurluşy flektiw, grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Slowen dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan toparynyň günorta toparçasyna girýär. Sloweniýanyň döwlet dilidir. Bu dilde 2 mln-dan köpüräk adam gepleýär. 49 şiwesi bolup, olar 7 sany esasy şiwe toparlaryna birleşýärler. Grammatik gurluşy flektiw, grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Köplük san 105 aňlatmakda ikilik san hem ulanylýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Sogdiý dili- eýran dilleriniň biridir. VIII-IX asyrlarda Orta Aziýanyň günorta etraplarynda giňden ýaýrapdyr. Sogdiý ýazuwy peýdalanylypdyr. Gadymy ýazuw ýadygärlikleri ikinji asyra degişli hasap edilýär. Soýot dili- türki dilleriniň biridir. 1993-nji ýyla çenli tuwa diliniň bir şiwesi hasaplanyldy. Burýatiýanyň Soýot milli geňeşliginiň çäklerinde ýaýrandyr. Soýot dilinde 500 töw3eregi adam gepleýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. Sokotriý dili- afraziýa dilleriniň semit toparyna girýär. Ýemene degişli bolan Sokotra adasynda ýaýrandyr. Bu dilde 50 müň töweregi adam gepleýär. Kenar we dag şiweleri bar. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Ýazuwy ýok. Ýazuw-edebi dil hökmünde sokotrililer arap dilini ulanýarlar. Solon dili-tungus-mançžur dillerine degişlidir. Hytaýyň demirgazyk-gündogar welaýatlarynda ýaýrandyr. Solon dilinde gepleýänleriň sanyny birnäçe müň adam hasaplaýarlar. Şiwelere bölünişi hakynda maglumat ýok. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling