114
diliniň döwlet dili derejesine eýe bolmagynda we
ösmeginde Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ägirt uly hyzmaty bardyr.
Türkmen diliniň grammatik gurluşy goşulma arkaly söz
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy
1928-nji ýyla çenli arap elipbiýiniň, 1928-nji ýyldan latyn
elipbiýiniň, 1940-njy ýyldan rus elipbiýiniň esasyndadyr.
1991-nji
ýylda
Beýik
Serdarymyz
Saparmyrat
Türkmenbaşynyň başda durmagynda Türkmenistan
Garaşsyzlygyny gazanandan soň latyn elipbiýiniň
esasyndaky täze türkmen elipbiýine geçildi.
U
Uailu
dili-awstoneziýa
dilleriniň melaneziýa
toparyna girýär. Täze Kaledoniýada ýaýrandyr.
Bu dilde
birnäçe müň adam gepleýär. Ýazuwy ýok.
Ubyh
dili-abhaz-adygeý
dilleriniň
biridir.Türkiýäniň
gündogaryndaky
birnäçe
obada
ýaýrandyr. Grammatik many aňlatmakda
sintetik usullara
eýedir. Söz ýasalyşda sözleri goşmak usuly ulanylýar.
Ýazuwy ýokdur.
Do'stlaringiz bilan baham: