Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet74/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Tat dili- hindi-ýewropa dilleriniň eýran toparyna 
degişlidir. Zakawkaziýede we Demirgazyk Kawkazda 
ýaýrandyr. Tat dilinde gepleýänleriň sany 15 müň adam 
töweregidir.Demirgazyk we günorta şiweleri bar. Edebi dil 
demirgazyk şiwäniň esasynda emele gelipdir. Grammatik 
many aňlatmakda analitik usullara eýedir. Ýazuwy 20-nji 
ýyllaryň başyndan latyn, 1938-nji ýyldan başlap rus 
elipbiýiniň esasyndaky elipbiýde alnyp barylýar. 
 
Taşelhit dili- afraziýa dilleriniňberber-liwiýa 
toparyna girýär. Marokkanyň günorta-günbatarynda 
ýaýrandyr.Bu dilde 2,4 mln töweregi adam gepleýär. 
Şiwelere bölünişi ýokary derejede.Sözlük düzüminde arap 
dilinden geçen sözler köp. Ýazuwy ýokdur. 
 
Tibet 
dili-hytaý-tibet 
dilleriniň Tibet-birman 
toparyna degişlidir. Hytaýyň Tibet awtonom etrabynyň 
çäginde ýaýrandyr. Tibet dilinde 4 mln töweregi adam 


111 
gepleýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda analitik usullar agdyklyk edýär. Sözleriň 
manysyny tapawutlandyryjy dört sany owaz äheňi bar. 
Tibetleriň bogun ýazuwy hindi brahma ýazuwyndan ož 
gözbaşyny alyp gaýdýar. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri VII 
asyra degişlidir. 
 
Tigraý dili- afraziýa dilleriniň semit toparyna 
girýär. Efiopiýada we Eritrede ýaýrandyr. Bu dilde 3,2 
mln adam gepleýär.Sözlük düzüminde geez weamhar 
dillerinden alnan sözler köp. Efiop bogun ýazuwy 
peýdalanylýar. 
 
Tigre dili-afraziýa dilleriniň semit toparyna 
degişlidir. Eritrede ýaýrandyr. Tigre dilinde 1mln töweregi 
adam gepleýär.Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullara eýedir. XX asyryň başlaryndan efiop bogun 
ýazuwy ulanylyp başlanylypdyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling