112
analitik usullara eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň
esasyndadyr.
Tofalar dili- türki dilleriniň biridir.
Tuwa diline
örän ýakyn. Russiýanyň Irkutsk oblastynyň Nižneudin
etrabynda ýaýrandyr. Bu dilde 470 töweregi adam
gepleýär. Gutarin we alygjer şiweleri bar. Özüniň ösüşinde
bu
dile mongol, burýat, rus, ket dilleriniň täsiri uly
bolupdyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir.
Grammatik
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük
düzüminde awçylyk bilen baglanyşykly sözler
esasy orna
eýedir.1988-nji ýylda rus elipbiýiniň esasyndaky ýazuwy
döredildi.
Tohar (A) dili- hindi-ýewropa dilleriniň tohar
toparyna degişlidir. Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda
(häzirki Uýgurystan) V-VIII asyrlarda ýaýrapdyr.
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir.
Ýazuwy bogun ýazuwy görnüşindedir.
Do'stlaringiz bilan baham: