Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Täjik dili- hindi-ýewropa dilleriniň eýran toparyna girýär. Täjigistanyň döwlet dili bolmak bilen, Eýranyň, Owganystanyň käbir etraplarynda-da ýaýrandyr. Täjik dilinde 7,2 mln adam gepleýär, olardan 3 mln töweregi Täjigistanda ýaşaýar. Grammatik many aňlatmakda analitik usullara eýedir. Täjigistanda rus elipbiýiniň esasyndaky, Eýranda we Owganystanda arap elipbiýiniň esasyndaky ýazuw peýdalanylýar. Taitýan dili- awstroneziýa dilleriniň polineziýa toparyna degişlidir.Fransuz Polineziýasynyň ýerli ilatynyň arasynda ýaýrandyr. Taitýan dilinde 100 müň töweregi adam gepleýär. Grammatik many aňlatmakda analitik usullara eýedir. Ýazuwy 1803-nji ýyldan bäri latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Taý dili- taý dilleriniň biridir. Ol Taýland Korollygynyň döwlet dili bolup durýar. Taý dilinde 27 mln-dan hem köpüräk adam gepleýär.Merkezi, günorta, demirgazyk,demirgazyk-gündogar diýlip atlandyrylýan dört şiwesi bar. Edebi diliniň esasynda merkezi şiwe ýatýar. Grammatik gurluşynda goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere mahsus alamatlar bar. Sözleriň manysyny tapawutlandyrýan bäş sany owaz äheňleri bar. Bogun häsiýetli milli elipbiýi bar. Gadymy 110 ýazuw ýadygärligi bolan Ramakamhenga 1292-nji ýyla degişlidir. Tamil dili-drawid dillerine degişlidir.Hindistanyň günortasynda, Şri-Lankanyň demirgazygynda, singapurda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň umumy sany 55 mln töweregidir. Diliň öz bogun ýazuwy bar. Gadymy ýazuw ýadygärlikleri b.e.öňki ikinji asyra degişli hasap edilýär. Tatar dili- türki dilleriniň biridir. Tatarystanda, Başgyrdystanyň, Mordowanyň, Çuwaşiýanyň birentek etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde 5,4 mln adam gepleýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde arap, pars we rus dillerinden alnan sözler köpdür. Ýazuwy XII asyrdan 1927-nji ýyla çenli arap, soň latyn, 1939-njy ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling