Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet81/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Ýagnob dili- hindi-ýewropa dilleriniň eýran 
toparyna girýär. Täjigistanda, esasan Ýagnop derýasynyň 
jülgesinde giňden ýaýrandyr. Ýagnop dilinde 2,5 müň 


119 
töweregi adam gepleýär. Günbatar we gündogar diýlip 
atlandyrylýan iki şiwesi bar. Grammatik gurluşy flektw, 
şeýle-de Grammatik many aňlatmakda analitik usullara 
eýedir. Sözlük düzüminde täjik dilinden alnan sözler köp. 
Diliň ýazuwy ýok. 
Ýakut dili-türki dilleriniň biridir. Esasasn 
Ýakutystanyň çäklerinde ýaýrandyr. Soňky maglumatlara 
görä, ýakut dilinde 313 müň adam gepleýär. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde rus, mongol 
dillerinden alnan sözler köp. Rus dilinden XIX asyra çenli 
geçen sözler ses üýtgemelerine sezewar edilipdir. Ýazuwy 
1922-nji ýyldan rus, 1929-1939-njy ýyllarda latyn, soň 
ýene-de rus elipbiýiniň esasyndadyr. 
Ýana dili- Amerikanyň ýerli ilatynyň dilleriniň 
biridir. 
Hotan-siuan 
diller 
maşgalasyna 
girýär. 
Demirgazyk Kaliforniýada ýaýrapdyr. Häzirki wagtda 
ulanylyşdan galypdyr. Demirgazyk, günorta, merkezi, ýahi 
atlandyrylýan 
şiweleri 
bar. 
Erkek 
we 
aýal 
jynslarynyňgepleşiklerinin arasaynda düýpli tapawutlar 
bar. Ýazuwy ýok. 
Ýap dili- awstroneziýa dilleriniň mikroneziýa 
toparyna degişlidir. Mikroneziýa Federatiw ştatlarynyň 
dilleriniň biridir. Bu dilde gepleýänleriň sany 500 adam. 
Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
Ýapon dili- gelip çykyşy bellei edilmedik dil. 
Esasan, Ýaponiýanyň çäklerinde giňden ulanylýar. Yapon 
dilinde gepleýänleriň sany 122 mln adam töweregidir. 
Gündogar,günbatar, günorta şiweleri bar.Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Owaz basymyna eýedir. Sözlük 


120 
düzüminde hytaý dilinden geçen sözler köpdür. Ýazuwy 
garyşyk häsiýete eýedir: sözleri aňladýan hytaý ýazuw 
belgileri bilen bilelikde hiragana we katakana bogun 
ýazuwlary hem ulanylýar. Hiragana we katakana bogun 
ýazuwlary diňe geografik atlarda hem-de daşary yurt 
atlarynda peýdalanylýar.
Ýoruba dili-kwa dilleriniň biridir. Nigeriýanyň 
günorta günbatar etraplarynda, Beninde, Togoda 
ýaýrandyr. Nigeriýada döwlet dili derejesine eýedir. Bu 
dilde 20 mln-dan gowrak adam gepleýär. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 
Ýug dili-ýeniseý dillerine degişlidir. Ýeniseýiň 
demirgazyk akymynda ýaýrandyr. Häzir ulanylyşdan 
galypdyr. (1990-njy ýylyň başynda onda birnäçe adam 
gepleýärdi). . Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Diliň ýazuwy 
ýok. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling