Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Urdu dili- hindi-ýewropa dilleriniň hindi toparyna degişlidir. Pakistanyň döwlet dilidir. Şeýle-de Hindistanyň musulmanlarynyň arasynda-da ýaýrandyr. Urdu dilinde 45 116 mln-dan hem köp adam gepleýär. Hindi diline örän ýakyn. Sözlük düzüminde pars dilinden geçen sözler köp. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasynda. W Waýgali dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir.Dard toparynyň nuristan toparçasyna girýär. Owganystanyň Nuristan welaýatynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 12 müň adam töweregi hasaplanylýar. Walliý dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Kelt toparyna girýär. Uelsde (Beýik Britaniýa) ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany-510 müň adam töweregidir. Demirgazyk we günorta şiwelerine bölünýär. Ýazuw we gepleşik diliniň arasyndaky tapawut örän uly. Ýazuwy VIII asyrdan başlap latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Wandal dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir. German toparynyň günorta toparçasyna degişlidir. Demirgazyk frikadaky Wandal korollygynyň ýykylmagyndan soň ualanylyşdan galýar. Diliň ýazuwy ýok. Wenger dili- ugor-fin dilleriniň biridir. Ugor toparyna girýär. Wengriýada, Ukrainanyň, Rumynýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Awstriýanyň käbir ýerlerine ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 14,5 mln adam töweregi hasaplanylýar.Biri-birinden sähel tapawutly sekiz sany şiwesi bar. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Yazuw latyn elipbiýiniň esasynda. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri 1200-nji ýyla degişli hasaplanylýar. Wepss dili- ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň pribaltika-fin toparçasyna degişlidir. 117 Kareliýada, Leningrad, Wolgoda oblastlarynda ýaýrandyr.Bu dilde gepleýänleriň sany 3 müň adam töweregidir. Esasan, demirgazyk, orta, gündogar şiweleri bar. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. 1930-njy ýylda döredilen ýazuwy ýaýrap bilmedi. Bu dil diňe gepleşikde peýdalanylýar. Wod dili- ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň pribaltika-fin toparçasyna degişlidir. Leningrad oblastynyň Kingisep etrabynyň käbir obalarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany birnäçe adam bolan üçin, ony hakykatdan öli dil hasaplamak boljak. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling