Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet2/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
 



Giriş 
Türkmenistan döwletiniň täze Galkynyş we beýik 
özbertmeler zamanasyna aýak basmagy, diňe bir 
syýasatda, ykdysadyýetde däl, eýsem durmuşyň beýleki 
ähli 
ugurlarynda-da 
täzelenişiň 
başlanýandygyny 
alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde ylym-
bilim ulgamynda-da düýpli ilerlemeler bolup geçýär. 
Döwlet Baştutanymyz özüniň ähli çykyşlarynda il-ýurt 
bähbitli, halka haýyrly işleri amala aşyrmak babatda 
gyzyldan-gymmatly pikirleri öňe sürýär. 
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda bilim 
ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky” Permanyňyz, 
“Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek 
hakyndaky”, “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 
işi hakyndaky”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 
kämilleşdirmek hakyndaky” Kararlary türkmen ýaşlarynyň 
dünýä derejesinde bilim almagyna badalga boldy. Talyp 
ýaşlarymyza dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ülňülere 
laýyklykda bilim bermek meselesi täze okuw kitaplaryna, 
gollanmalaryna ylmyň soňky gazananlaryny girizmegi, 
olara daýanmagy talap etdi.
Dil bilimi dünýäde iň gadymy ylymlarynyň biri 
bolup, öz gözbaşyny taryhyň çuň gatlaklaryndan alyp 
gaýdýar. Dil we jemgyýet, dil we pikirlenme, dilleriň 
arasyndaky gatnaşyklar, olaryň biri-birine täsiri , olaryň 
ösüşiniň kanunalaýyklylygy, dilleriň toparlara bölünmegi 
ýaly dil bilen baglanyşykly beýleki meseleler diliň düýp 
manysyna düşünmek üçin çalyşýan her bir adam üçin 
möhümdir. Dil bilimini öwrenýän adam dilleriň 
ösüşindäki kanunalaýyklyklaryň mazmunyna, diliň 



adamyň durmuşyndaky we jemgyýetdäki ähmiýetine göz 
ýetirmelidir. Şulara akyl ýetirmezden hiç bir dili ylmy 
taýdan öwrenmek mümkin däldir. 
“Diller dünýäsi” okuw gollanmasynda dünýä 
dilleriniň arasyndaky umumylyklar, häzirki zaman dil 
biliminiň meseleleri barada gürrüň berilýär. Mundan 
başga-da kitapda dünýäniň dürli künjegine ýaýran onlarça 
dil barada gysgaça maglumat berilýär.
Okuw gollanmasy haýsy dili öwrenýändigine 
garamazdan, ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat 
bölümleriniň talyplary, orta mekdepleriň mugallymlary 
şeýle-de dil bilimi bilen gyzyklanýan okyjylar köpçuligi 
üçin niýetlenilýär. 
Biz kitap babatda berlen gymmatly maslahatlaryň 
ählisi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýäris.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling