Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Dil we dil belgileri. Diliň gatlaýyn (ýarus) gurluşy
Soraglar we ýumuşlar:
1. Dil bilimi näme? Ol ylym näme öwrenýär? 2. Umumy we hususy dil bilimleri näme? Olaryň arasynda nähili baglanyşyk bar? 12 3. Dünýäniň ähli dlleri üçin umumy bolan haýsy häsiýetleri aýdyp biljek? 4. Sinhron we diahron dil bilimleri näme? Olaryň arasynda nähili baglanyşyk bar? Dil we dil belgileri. Diliň gatlaýyn (ýarus) gurluşy Dil biliminiň esasy öwrenýän predmeti dildir. Dil näme? Ol agaç, kagyz, el, aýak ýaly gözümize anyk görnüp duran zat däldir; dili ýerinden gozgap, ölçäp , agramyny çekip bolmaýar. Dil ot, ýagtylyk, ýagyş ýaly tebigy hadysa bolaýmasyn? Ýöne, dil diňe adamzat jemgyýetinde emele gelýär, oduň, ýagtylygyň , ýagşyň emele gelmegi üçin bolsa adamyň asla zerurlygy ýokdur. Häzirki zaman ylmy dili belgileriň ulgamy hökmünde kesgitleýär. Şunda dildäki ähli belgiler iki sany uly topara bölünýär. Birinji topara “jaý”, “adam”, “ýel” ýaly doly manyly sözler degişlidir. Olar biziň daş-töweregimizi gurşap alýan zatlary we hadysalary aňladýarlar. Meselem, “jaý” sözi adamlaryň ýaşamak ýa-da haýsydyr bir zatlary saklamak üçin guran binasyny aňladýar, “adam” sözi bolsa, aňly-düşünjeli, geplemek başarnygy bolan mahlugyň adydyr, “ýel” sözi howanyň tekizlik boýunça hereket etmegidir. Belgileriň ikinji toparyna ownuk bölekler, baglaýjy kömekçiler, goşulmalar we şulara meňzeşler degişlidir. Birinji topardaky belgilerden tapawutlylykda, olar daşky dünýädäki bar bolan zatlary, hadysalary aňlatmaga ukyply däldirler. Hakykatda, rus dilindäki “k” predlogy ýa-da nemes dilindäki “der” artikli nämäni aňladýar? Bu sözleriň 13 arassa gullukçylyk hyzmaty bardyr. Olar birinji topara girýän belgileriň arasyndaky baglanyşygy aňlatmak üçin peýdalanylýar. Meselem, “k” predlogy “öýe gitmek” ( идти к дому ) söz düzüminde “gitmek” hereketiniň ugruny, “öý” sözüne ugrukmasyny görkezýär. Nemes dilindäki “der” artikli ayňrsynda at duran baş düşümindäki, birlik sandaky, erkeklik jynsyny görkezýär Dil ulgamy köp gatlydyr ýa-da ylymda ulanylýan adalga laýyklykda köp derejeli gurluşa eýedir. Diliň aşaky derejesi seslerde jemlenýär. Olar özünden has ýokary derejeler bolan morfemalary, sözleri we şuňa meňzeşleri gurmak üçin serişde bolup hyzmat edýärler. Dilde bu dereje fonetik dereje diýlip atlandyrylýar. Diliň beýleki bir derejesinde morfemalar-kökler, goşulmalar we şulara meňzeşler ýerleşýär. Morfema-mundan beýläk bölünmeýän manyly forma, morfologik birlikdir (J.Amansaryýew, G.Gulmanow, Lingiwistik terminleriň rusça-türkmençe sparwoçnigi. Aşgabat, 1981, 109 sah). Bu dereje morfologik dereje diýlip atlandyrylýar. Morfemalar fonetik derejeden tapawutlylykda ses bilen bilelikde many aýratynlygyna hem eýedir. Ýöne, olaryň manysy morfemanyň sözüň düzüminde belli bir orun eýelän wagtynda ýüze çykýar. Mysal üçin, “gelýär” sözüni alyp göreliň. Türkmen dilini bilýän islendik adam bu sözüň häzirki zaman işligidigini säginmän aýdyp biler. Muny sözüň soňundaky “-ýär” goşulmasy subut edýär. Şeýlelikde, sözüň soňundan -ýär goşulmasy goşulan bolsa, ol häzirki zaman işligidir diýip aýtmak mümkin. Ýöne, - ýär goşulmasy sözden aýrylanda nämäni aňladýar? Hiç zady! “Men ýär bilen geldim”, “Saňa ýär gerekmi?” diýip 14 aýdyp bolmaýar. Sebäbi, goşulmanyň leksiki manysy ýokdur, ol diňe grammatik mana eýe bolup bilýär. Diliň üçunji derejesi-leksiki derejedir. Bu derejede sözler ýerleşýär. Sözleriň morfemalardan tapawudy, olar leksik mana eýe bolmaklaryndan başga-da, sözleýişde özbaşdak ulanylyp bilýänligindedir. Sözler sözlem agzasy bolmak hukugyna eýedirler. Sözleriň esasy hyzmaty daşky dünýäni gurşap alýan zatlaryň, hadysalaryň atlaryny aňlatmakdyr. Diliň başga bir derejesi sintaktik derejedir. Sintaksisiň esasy birligi söz düzümleri we sözlemlerdeir. Sözlemler haýsydyr bir pikiri başga birine ýa-da başgalara geçirmek üçin peýdalanylýar. Şu ýerde bellenilmeli zat, has kiçi derejäniň birlikleriniň has uly derejedäki birlikleri döretmekde serişde bolup durýanlygydyr. Seslerden morfemalar düzülýär, morfemalardan sözler gurulýar, sözler hem öz gezeginde sözlemleri emele getirýärler. Dildäki dereje näçe ýokary bolsa, onda şonça-da köp mukdardaky birlik ýerleşýär. Derejeleriň içinde iň az “ilatlysy” fonetik gatdyr. Dildäki sesleriň sany dünýäniň hiç bir dilinde onlarçadan ýokary bolmaýar. Morfemalaryň sany eýýäm müňlerçe san bilen sanalýar, sözleriň sany bolsa onlarça, ýüzlerçe müňdür. Ol ýa-da beýleki diliň sözlemleri hakynda gürrüň edilende, olary sanamak mümkin däldir. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling