11
islendik sinhron ýagdaýy bolsa, onuň uzak wagtlyk taryhy
ösüşiniň netijesinde emele gelýär.
Dil bilimi beýleki ylymlardan düýbünden üzňe
däldir. Biz ol ýa-da beýleki dili öwrenenimizde hökmany
suratda şol dilde geplän halkyň taryhyna ýüzlenmeli
bolýarys, fonetikanyň meseleleri bilen iş salşanymyzda
bolsa akustikanyň (fizikanyň bölümi) we gepleýiş
fiziologiýasynyň
maglumatlaryny
peýdalanýarys.
Terjimäniň maşyn ulgamy döredilende informatika we dil
bilimi ylymlarynyň maglumatlary birikdirilýär. Haýsydyr
bir dili öwrenmekden alnan
maglumatlar matematiki
gaýtadan işlemäge sezewar edilip bilner. Dilleri
barlamakda matematiki usullary peýdalanmak
bilen
baglanyşykly bolan dil biliminiň bölümi matematiki
lingiwistika diýlip atlandyrylýar.
Biz haýsydyr bir dili öwrenenmek bilen
meşgullananymyzda mydama şol dilde ýazylan tekstlere
ýuzlenmeli bolýarys. Ýöne, biz ol ýa-da beýleki tekstde
şöhlelenmesini tapýan dil
hadysalaryny dogry hasaba
almak üçin şol tekstiň haçan, kim tarapyndan, nähili
ýagdaýda döredilendigini, onuň haýsy žanra degişlidigini,
nähili diňleýjilere niýetlenilendigini kesgitlemeli bolýarys.
Bu meseleler bilen filologiýa ylmynyň
dil bilimi
bilen bilelikdäki beýleki şahasy- edebiýaty öwreniş ylmy
meşgullanýar.
Do'stlaringiz bilan baham: