Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet14/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

agglýutinatiw 
(goşulmalar arkaly söz ýasalyşy amala aşyrýan ) diller 
girýär. Olara türki, tungus-mançžur, ugor-fin we beýleki 
diller degişlidir. Agglýutinatiwlik emeli dil bolan 
esperanto diline hem häsiýetlidir. Bu görnüşdäki dillerde 
flektiw dillerdäki ýaly söz üýtgeýşiň ösen ulgamy bolsa-
da, flektiw dillerden tapawutlylykda her bir grammatik 
manynyň öz aýratyn hususy görkezijisi bolýar. Meselem, 
komi-permýak dilindäki “sin” (göz) – “sinnezon” sözi 
tworitelniý düşümde, köplük sandadyr. Bu ýerde “nez” 
morfemasy köplük sanyň, “on” morfemasy bolsa, 
tworitelniý düşümiň görkezijisi bolup hyzmat edýär. 
Agglýutinatiw dillerde ähli atlar hem-de işlikler üçin 
ýöňkemede üýtgemegiň meňzeşligi mahsusdyr.
Flektiw 
dillerde 
atlaryň 
şahs 
aňlatmaklarynda, 
işlikleriň 
ýöňkemede üýtgemeginde uly tapawuda duş gelýäris. 
Meselem, rus dilinde üç şahs, iki ýöňkeme, latyn dilinde 
bäş şahs we dört ýöňkeme bar. 


26 
Dilleriň dördünji görnüşine inkorporirleýji ýa-da 
polisintetik diller diýilýär. Beýle dillere çukot-kamçatka 
diller maşgalasy, Demirgazyk Amerikanyň indeýleriniň 
dilleri degişlidir. Dilleriň bu görnüşinde tutuş sözlemiň bir 
uly goşma sözde jemlenmek häsiýeti güýçlüdir. Munda 
grammatik 
görkezijiler 
aýratyn 
sözlerde 
däl-de, 
tutuşlygyna söz-sözlemde görünýär. Inkorporirlenişiň rus 
dilinde gabat gelşine hem mysal getirmek mümkin: “Я 
ловлю рыбу” sözlemi bir sözde, “рыболовствую” 
sözünde berilýär. Bu elbetde, tebigy däldir, ol emeli 
häsi‎ýete eýedir. Polisintetiki dillerde islendik sözlem bir 
çylşyrymly goşma söz arkaly berlip bilner. Meselem, 
çukot dilindäki “Biz täze torlary goraýarys” diýen sözlem 
“Mytturkupregynrityrkyn” görnüşinde bolýar. 
Biz dilleriň dört görnüşi hakynda gürrüň 
edenimizde, tebigatda hiç hili garyndysy bolmadyk, himiki 
taýdan arassa maddanyň bolmaýşy ýaly, flektiw, 
agglýutinatiw, amorf, polisintetiki diliň hem doly derejede 
bolup bilmeýändigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris. 
Ine, hytaý we dungan dillerinde amorflyk häsiýeti 
güýçlüdir, ýöne onda agglýutinatiwlik häsiýeti hem 
bardyr. 
Flektiw 
hasaplanylýan 
latyn 
dilinde 
agglýutinatiwligiň käbir häsiýetleri duşýar, şeýle-de, 
agglýutinatiw eston dilinde flektiwlik häsiýetine gabat 
gelýäris. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling