Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet15/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Soraglar we ýumuşlar: 
1.Dilleriň gurluş taýyndan (morfologik) bölünişine 
kesgitleme beriň. 
2.Morfologik bölünişe laýyklykda dillleriň dört görnüşini 
häsiýetlendiriň. 


27 
3.Dilleriň morfologik bölünişine dünýä dilleri boýunça 
mysallar getiriň. 
Edebi dil.Şiwe.Žargon.Gepleşik leksikasy 
Biz “türkmen dili”, “rus dili”, “fransuz dili” ýa-da 
“hytaý dili” diýenimizde bu dilleriň umumylyklaryny, bir 
bitewiligini göz öňünde tutýarys. Ýöne, islendik dil biri-
birinden 
tapawutlanýan 
görnüşleriň 
(wariantlaryň) 
btewileşmeginden hasyl bolýar. Şol görnüşler hökmünde 
dürli şiweler, biri-birinden tapawutlanýan argolar hem-de 
žargonlar, ýönekeý gepleşik, edebi dil hyzmat edýär. 
Diliň esasy görnüşi, onuň dil hökmünde öňe 
çykmagyny üpjün edýän görnüşi edebi dildir. Biz 
“türkmen dili”, “rus dili”, “iňlis dili” diýenimizde olaryň 
diňe edebi dillerini göz öňünde tutýarys. 
Edebi dil we edebiýatyň dili biri-birinden 
tapawutlanýan zatlardyr, şol bir wagtda-da olar bir zatdyr. 
Dünýä edebiýatynda edebi dilde däl-de argoda ýa-da 
şiwelerde çeper eserleriň döredilen halatlary bellidir. 
Mysal üçin, rus ýazyjysy Wladimir Dal öz hekaýalaryny 
Kazak Luganskiý lakamy bilen Don şiwesinde yazypdyr. 
Belli rus şahyry Nikolaý Klýuýew eserleriniň birentegini 
demirgazyk rus şiwelerinde ýazypdyr. 
Edebi 
diliň
esasy 
alamaty 
onuň 
kadalaşdyrylandygydyr. Iňlis dininde gepleýän halklar 
“edebi dil” adalgasynyň deregine “standard language”, 
“standart dil” adalgasyny peýdalanýarlar. 
Edebi diliň başga bir alamaty onuň aňladyş 
serişdesiniň, ilkinji nobatda sözlük düzüminiň baýlygydyr. 
Argo, şiweler, ýönekeý gepleşik edebi dilden 
tapawutlanýarlar. Diliň bu görnüşlerinde medeni, syýasy, 


28 
ylmy adalgalar asla ýokdur. Biz edebi dilde islendik zat 
barada, islendik temada ýazyp hem-de gepläp 
bilýäris.Diliň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda edebi 
dil durmuşyň hajatlarynda ulanylman, akyl-paýhas işiniň 
ýokary 
gatlaklarynda-da 
peýdalanylýar. 
Başgaça 
aýdylanda, edebi dil köpugurlydyr. 
Dil biliminde şiwe diliň çäklerdäki (territorial) 
görnüşi diýlip atlandyrylýar. Şiwe edebi dilden dil 
ulgamynyň ähli derejeleri: fonetik, morfologik, leksik we 
sintaktik ugurlary boýunça tapawutlanyp biler. Mysal 
üçin, türkmen diliniň käbir şiwelerinde edebi dilde 
ulanylýan “p” sesiniň deregine “f” sesiniň, dişara “s” 
sesiniň ýerine dişdüýbi “s” sesiniň ulanylyşyna duş 
gelmek bolýar. Rus diliniň demirgazyk şiweleriniň 
käbirinde “ч” sesiniň “ц” sesine çalşyrylyp ulanylyşyna 
gabat gelinýär (“чай” sözüne derek “цай”, “черный” 
sözüne derek “церный”).
Türkmen diliniň şiweleriniň arasyndaky tapawut 
tutuşlygyna alnanda uly däldir. Mysal üçin, türkmen 
diliniň teke şiwesinde gepleýän adam hiç bir kynçylyksyz 
ärsary ýa-da ýomut şiwelerinde gepleýänler bilen 
düşünişip bilýär. Bu ýagdaý rus dilinde hem şeýledir. 
Sibirli rýazanla, Stawropolda ýaşaýanlar demirgazykda 
ýaşaýan rusuň gepleýşine päsgelçiliksiz düşüner. 
Germaniýa we Hytaý ýaly ýurtlardaky käbir şiweleriň 
arasyndaky tapawut şeýle bir uly bolup, hatda rus we 
polýak dillerinde gepleýänler hem öz aralarynda olara 
garanyňda gowy düşünişýärler. Şoňa görä-de beýle 
ýurtlarda ýaşap, dürli şiwelerde gepleýän adamlaryň biri-
birileri bilen düşünişmegi örän kyn bolup, ol ýerlerde 
umumy milli edebi diliň ähmiýeti düýpli artýar. Edebi dil 
bu ýerlerde ýurduň ilatyny bir halka birleşdiriji bolup 


29 
hyzmat edýär. Beýleki tarapdan şiwelere bölünmeýän 
dilleriň hem bardygyny belläp geçmelidiris. Bu görnüşdäki 
dile afrikans dilini mysal getirmek mümkin. 
Şiweleriň öz edebi kadalaryny emele getirmegi 
netijesinde aýratyn dile öwrülýän ýagdaýlary hem bar. 
Meselem, ýigriminji asyrda günorta nemes şiweleriniň 
birinde geplän uly bolmadyk döwlet-Lýuksemburg 
Gersoglygynyň özbaşdak dili-Lýuksemburg dili emele 
gelipdir. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling