Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet17/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Soraglar we ýumuşlar: 
1.Diliň haýsy görnüşleri umumy milli dil bolup bilýär? 
2.”Edebi dil” we “edebiýatyň dili” düşünjeleriniň 
arasynda nähili tapawutlar bar? 
3.Şiwe bilen žargonyň arasynda nähili tapawutlar we 
umumylyklar bar? 
4.Size mälim bolan şiwe sözlerini aýdyň.
5.Özüňize mälim bolan žargon sözlerini aýdyň. 
6.Içinde žargon sözleri köp ulanylýan edebi eserleri 
mysal getiriň. 
7. Şiwe sözleri köp ulanylýan edebi eserleri mysal getiriň. 
Edebi diliň stilleri  
Öň belläp geçişimiz ýaly, diliň iň kämil görnüşi 
edebi dildir. Ýöne, edebi dil hem öz gezeginde adamyň 
durmuşynda ulanylyş aýratynlygy, niýetlenilişi boýunça 
dürli toparlara bölünýär. Ýazuw dili üçin, esasan, dört: 
ylmy, resmi-iş, gazýet-publisistik, çeper edebiýat, agzeki 
gepleşik üçin janly gepleýiş stili öňe sürülýär. Şeýle-de 


31 
aralyk ýagdaýlar hem bolup bilýär. Meselem, ylmy-
populýar edebiýatlarda ylmy we çeper edebiýat stilleriniň 
aralyklary ulanylýar. Her bir stil sözleri we grammatik 
aýratynlyklary babatdan tapawutlanýarlar, janly gepleýiş 
stili mundan başga-da aýdylyş äheňi tarapyndan hem 
birmeňzeş däldir. 
Ylmy stil-duýgy bildirmeýändigi we takyklygy 
bilen tapawutlanýar. Sözler ylmy stilde diňe göni manyda 
ulanylýar, mundan başga-da, onda ýörite adalgalar köp 
bolýar. Ylmy stiliň sözlemleriniň gurluşy çylşyrymly 
bolup, tekst baplara , paragraflara, abzaslara takyk 
bölünýär. 
Bu stiliň häsiýetli aýratynlyklarynyň ýene biri, onda 
“biziň pikirimizçe”, “bize mälim bolşuna görä”, “hakykata 
laýyk gelýär” we ş.m. ýaly söz düzümleriniň köp 
ulanylýandygydyr. Türkmen diliniň ylmy stilinde “men” 
at çalyşmasyny ulanmakdan gaça durulýar. Onuň ýerine, 
adatça, köplük manysyna garamazdan “biz” at çalyşmasy 
ulanylýar. Türkmen diliniň ylmy stilinde “meniň 
pikirimçe” diýen söz düzümine seýrek gabat gelinýär, 
onuň deregine “bize mälim bolşy ýaly” we ş.m. söz 
düzümleri ulanylýar. 
Resmi-iş stili- ylmy stil ýaly, maglumatlary 
bermekde takyklygy, sözleriň göni manyda ulanylýandygy 
bilen häsiýetlidir. Bu stil edebi diliň stilleriniň arasynda 
has 
standartlaşdyrylan 
stil 
hökmünde 
bellidir: 
resminamalar hökümet edaralary tarapyndan tassyklanylan 
görnüşler esasynda düzülýär. Resmi-iş stiliniň aýratyn 
taraplarynyň biri onda “siziň dykgatyňyza ýetirýäris”, 
“haýyş edýäris”, “laýyklykda”, “esasynda” ýaly sözleriň 
hem-de söz düzümleriniň köp ulanylmagydyr. 


32 
Resmi-iş stiliniň, şeýle-de, ylmy stiliň tas ýeke-täk 
diýen ýaly hyzmaty, haýsydyr bir maglumaty takyk habar 
bermekdir. Bulardan tapawutlylykda gazýet-publisistik we 
çeper edebiýat stili okyjyda duýgy döretmek, duýgusyny 
oýarmak hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling