Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet25/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Abhaz dili- Abhaz-adygeý dilleriniň biridir. Esasy 
ýaýran ýeri Abhaziýadyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 86 
müň adam töweregi hasaplanylýar. Iki şiwesi bar: abžuý 
(edebi diliň esasynda ýatýar) we bzyb şiweleri. Grammatik 
many aňladyşyň sintetik serişdeleri agdyklyk edýär. Edebi 
diliň emele gelip başlamagy öz gözbaşyny 1862-nji 
ýyldan, rus elipbiýiniň esasynda abhaz ýazuwynyň 
döredilmeginden alyp gaýdýar. 1928-nji ýyldan başlap 
abhaz ýazuwy latyn elipbiýine geçirilýär, 1938-nji ýyldan 
gruzin elipbiýi kabul edilýär. 1954-nji ýyldan başlap rus 
elipbiýiniň esasyndaky abhaz elipbiýi ulanylyşa girizilýär.
Awar dili- awar-and-sez dillerine degişlidir. 
Dagystanyň günbatar böleginde ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň any 472 müň töweregi diýlip hasap edilýär. 
Dagystanyň halklarynyň milletara gatnaşyk dilleriniň 
biridir. Grammatik many aňladyşyň sintetik serişdesi 
agdyklyk edýär. 1928-nji ýyldan başlap latyn elipbiýiniň 
esasyndaky ýazuwy döredilýär, 1938-nji ýylda ru 
elipbiýiniň esasyndaky ýazuwa geýär. 


51 
Adygeý dili- Abhaz-adygeý dilleriniň biridir. 
Esasan, adygeý respublikasynda ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýän adamlaryň sany 104 müň töweregidir. 4 sany 
şiwesi bar: temirgoý (edebi diliň esasynda ýatýar), 
abadzeh, bžedug, şapsug. Grammatik many aňladyşyň 
sintetik serişdesi agdyklyk edýär. Ýazuwy 1918-nji ýylda 
arap elipbiýiniň esasynda döredilýär, 1927-nji ýylda latyn, 
1938-nji ýylda rus elipbiýiniň esasyndaky ýazuwa 
geçilýär. 
Azerbaýjan dili- türki dillere degişlidir. Esasy 
ýaýraýyş çägi Azerbaýjan hem-de Eýrandyr. Bu diliň dört 
şiwe topary bar: gündogar, günbatar, demirgazyk, günorta 
şiweleri. Azerbaýjan dilinde gepleýänleriň sany takmynan 
14 million adam töweregi diýlip hasaplanylýar. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler, 
goşulmalaryň hyzmaty agdyklyk edýär. Yazuw Orta 
asyrlardan 1929-njy ýyla çenli arap elipbiýiniň esasynda
1929-njy ýyldan latyn, 1939-njy ýyldan rus elipbiýindedir. 
1991-nji ýylda Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny gazanmagy 
bilen, ýazuw ýene latyn elipbiýiniň esasynda alnyp barlyp 
başlanyldy. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling