Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Žargon – diliň durmuşy görnüşidir. Haýsydyr bir  uly ýa-da kiçi durmuşy toparyň ulanýan diline žargon


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet16/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Žargon – diliň durmuşy görnüşidir. Haýsydyr bir 
uly ýa-da kiçi durmuşy toparyň ulanýan diline žargon 
diýilýär. Ýaşlaryň, talyplaryň, deňizçileriň, söwdagärleriň, 
jenaýatçylaryň we ş.m. özbaşdak žargony bolýar. Käbir 
ýagdaýlarda, meselem, jenaýatçylar dünýäsinde žargon 
beýleki adamlara düşnüksiz bolan syrly dil hökmünde , 
şeýle-de, öz gepleşigini beýlekilerden tapawutly etmekde 
ulanylýar. Žargonlar çeper eserlerde gahrymanlaryň 
häsiýetlerini açyp görkezmekde-de peýdalanylýar. Muňa 
mysal edip, A.Durdyýewiň “Bally molla” hekaýasyndaky, 
H.Derýaýewiň 
“Ykbal” 
romanyndaky 
žargonlary 
görkezmek bolar. Mundan başga-da, žargonyň haýsydyr 
bir topara düşnükli bolan şertli dil hökmünde-de 
ulanylmagy mümkindir. Meselem, akmämmet-arak, ak 
möjek-geroin, tüýdükçi-neşekeş we ş.m. Žargon edebi 
dilden diňe sözleri arkaly tapawutlanyp biler. Olaryň 
aýratyn alnan fonetikasy ýa-da grammatikasy bolup 
bilmez. 
Gepleşik leksikasy žargonlardan we şiwelerden 
tapawutlylykda diliň umumymilli görnüşidir. Ol şu 
babatdan edebi dile ýakyndyr. Ýöne, edebi dilden 
tapawutlylykda ýönekeý gepleşigiň kadalary ýokdur, 


30 
ulanylyş çägi giň däldir. Ol, esasan, gündelik durmuşy 
dilde ulanylýar.
 
Türkmen diliniň gepleşik leksikasy hakynda 
Ý.Çöňňäýewiň “Häzirki zaman türkmen dili” kitabynda 
şeýle bellenilýär: “Gepleşik leksikasynda her bir wakanyň, 
hadysanyň, zadyň ady, edebi diliň kadasyny bozmazdan, 
edebi gepleşikdäki adyndan aňladyjylyk ukybyny 
güýçlendirip atlandyrýar. Muňa durmuşy gepleşik 
leksikasy hem diýilýär. ” Mundan başga-da, ýönekeý 
gepleşik sözlerine: ketek, kempaý, jyrk, hajymelik, 
jyňkytmak, halpyk, hörek, heýle ýaly sözler mysal 
getirilipdir. (Ý.Çöňňäýew .Häzirki zaman türkmen dili. 
Aşgabat, 1988 96-97 sah). 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling