Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Soraglar we ýumuşlar:
1.Dil näme? 2.Dilde belgileriň haýsy görnüşleri bar? 3.Diliň derejeleýin gurluşy näme? Haýsy derejeleri atlandyryp bilersiňiz? 15 4.Fonetik derejäniň birligi diliň beýleki derejeleriniň birliklerinden, esasan, nämesi bilen tapawutlanýar? 5.Leksiki derejäniň birlikleriniň nähili hyzmatlary bar? 6.Sintatktik derejäniň birlikleri nähili hyzmaty ýerine ýetirýär? Dil maşgalalary. Dilleriň genealogik bölünişi Öň belläp geçişimiz ýaly, käbir diller biri-birine örän meňzeşdir. Ol dillerde gepleýän adamlar öz aralarynda hiç hili terjimeçisiz aňsat düşünişip bilýärler. Mysal üçin, türkmen adamsy garagalpak, azerbaýjan, türk adamlary bilen, rus adamsy belarus, ukrain adamlary bilen, norwegiýaly adam daniýaly ýa-da şwed bilen, italiýaly ispaniýaly ýa-da portugaliýaly bilen biraz kynçylykly bolsa-da düşünişip bilýärler. Dilleriň şunuň ýaly meňzeşligi, olaryň umumy-kök dilden emele gelendigi bilen düşündirilýär. Türkmen, garagalpak, azerbaýjan, türk dilleri gadymy oguz dilinden, rus, ukrain, belarus dilleri gadymy rus dilinden norweg, şwed dilleri gadymy skandinaw dillerinden, ispan, italýan, portugal (şeýle-de Ýewropa dilleriniň birtopary) latyn dilinden emele gelendir. Bir umumy kök dilden emele gelen dillere garyndaş diller diýlip at berilýär. Ýakyn garyndaşlyk, meselem türk we türkmen dilleriniň, rus, ukrain, belarus dilleriniň rasayndaky ýakynlyk hc-hili ylmy subutnamalar talap etmezden mese-mälim görnüp dur. Garyndaşlygy has aňyrdan gaýdýan dilleriň, meselem türkmen we ýakut dilleriniň, rus we litwa dilleriniň garyndaşlygy ýörite derňewleriň netijesinde kesgitlenilýär. Gelip çykyşynyň umumylygynyň esasynda dilleriň bölünmegine dilleriň genealogik bölünişi diýilýär. Garyndaş dilleriň iň uly 16 birleşmesi maşgala diýlip atlandyrylýar. Dil maşgalalary toparlara, olar bolsa öz gezeginde toparçalara bölünip bilner. Käbir toparlar we toparçalar ožünde onlarça dili jemleýär, käbirlerine bolsa bary-ýogy bir dil degişlidir. Biziň mähriban ene dilimiz bolan türkmen dili türki diller maşgalasyna degişlidir. Dünýä dil biliminde diller genealogik taýdan aşakdaky toparlara bölünýär 1 : Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling