Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet76/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Tohar (B) dili- hindi-ýewropa dilleriniň tohar 
toparyna girýär. Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda 
(häzirki Uýgurystan) V-VIII asyrlarda ýaýrapdyr. Tohar 
(B) diliniň saklanyp galan ýazuw ýadygärlikleri tohar (A) 
diliniňkä garanyňda has köpdür hem-de manysy we žanr 
aýratynlygy 
boýunça 
dürlidir. 
Grammatik 
many 
aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Ýazuwy hindi ýazuw 
ulgamynyň bogun ýazuwy esasynda bolupdyr. 
 
Truk dili- awstroneziýa dilleriniň mikroneziýa 
toparyna degişlidir. Mikroneziýa Federatiw ştatlarynyň 
Truk ştatynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 43 
müň töweregi adam. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. 


113 
 
Tuwalu dili- awstroneziýa dilleriniň polineziýa 
toparyna girýär. Tualu döwletinde ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 10 müň adam töweregidir. Şiweleriniň 
arasyndaky tapawut örän uludyr. Tualu diliniň döwlet 
derejesi bolmasa-da (döwlet dili iňlis dili) ol durmuşyň 
ähli ugurlarynda peýdalanylýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Tuwa dili- türki dillerine degişlidir. Tuwa 
respublikasynda rus dili bilen bilelikde resmi dil 
hökmünde ulanylýar. Bu dilde 185 müň adam gepleýär. 
Merkezi, 
günbatar, 
demirgazyk-gündogar,günorta-
gündogar şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly 
söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk 
edýär. Sözlük düzüminde mongol dilinden alnan sözler 
köp. Ýazuwy 1930-njy ýyldan başlap latyn, 1940-njy 
ýyldan rus elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Tungaruan 
dili-awstroneziýa 
dilleriniň 
mikroneziýa toparyna degişlidir. Kiribatiýanyň döwlet 
dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 60 müň töweregi 
adamdyr. Grammatik many aňlatmakda analitik usullara 
eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling