Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Udmurt dili-fin-ugor dilleriniň fin toparynyň perm toparçasyna degişlidir. Udmurtystanda giňden ýaýrandyr. Bu dilde 550 mün töweregi adam gepleýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasyndadyr. Udegeý dili-tungus-mançžur dilleriniň biridir Russiýanyň Primorsk we Habarowsk ülkelerinde ýaýrandyr. Bu dilde 480 müň adam gepleýär. Grammatik 115 gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasyndadyr. Uýgur dili- Hytaýyň Uýgur awtonom etrabynda Orta Aziýa döwletlerinde (esasan-da Gazagystanda) giňden ýaýrandyr. Merkezi, iliý-semirçen, kaşgar-fergana şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde hytaý dilinden alnan sözler köp, olaryň sany gitdigiçe artýar. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasyndadyr. Orta Aziýa uýgurlary üçin XX asyrda rus elipbiýiniň esasyndaky ýazuw döredildi. Ukrain dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan toparynyň gündogar toparçasyna degişlidir. Ukrainanyň döwlet dili bolmak bilen, şol ýerde giňden ýaýrandyr. Ukrain dilinde 37 mln adam gepleýär diýlip hasaplanylýar. Günorta-gündogar, günorta-günbatar, demirgazyk şiweleri bar. Edebi diliň esasynda günorta-gündogar şiwesi ýatýar. Dil flektiw bolmak bilen, Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Umbr dili-hindi-ýewropa dilleriniň italiý toparyna girýär. Rimiň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän taryhy Umbriýada b.e.öň IV-V asyrlarda ýaýrapdyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan we flektiw dillere degişli bolupdyr. Sözlük düzüminde latyn we etrus diliniň sözleri köp. Biziň döwrümize gelip ýeten ýazuw ýadygärlikleri latyn we umbr elipbiýlerinde. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling