Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet80/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Wolapýuk dili- emeli dilleriň ilkinjileriniň biri 
bolup, belli bir derejede tejribede ulanylýar. 1879-njy 
ýylda Ý.M.Şleýer tarapyndan döredilýär. Adatdan daşary 
kynlygy, grammatikasynyň çylşyrymlylygy üçin giňden 
ýaýrap bilmedi, XX asyryň ortalarynda ulanylyşdan doly 
galdy. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi 
amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatik many 
aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasynda.
 
Woleaý dili- awstroneziýa dilleriniň biridir. 
Mikroneziýa 
toparyna 
girýär. 
Woleaý 
adasynda 
(Mikroneziýa Federatiw Ştatlary) ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany-2 müň adam töweregidir. Grammatik 
gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. XIX asyryň ortalarynda bogun 


118 
ýazuwy döredilipdir, ol häzir ulanylyşdan galypdyr. 
Häzirki döwürde latyn elipbiýiniň esasyndaky ýazuw 
peýdalanylýar.
 
Wetnam dili- austroneziýa dilleriniň biridir. 
Wetmyong toparyna girýär. Wetnamyň döwlet dili bolmak 
bilen, şol ýerde hem ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň 
sany 55 mln adamdan hem köpüräk hasaplanylýar. 
Demirgazyk, merkezi, günorta şiweleri bar. Grammatik 
gurluşy- köki üzňe, grammatik many aňladyşyň analitik 
usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde 60% çenli 
hytaý sözleri bar. Orta asyrlarda hytaý ieroglif ýazuwynyň 
esasynda döredilen hat peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda 
latyn elipbiýiniň esasyndaky ýazuw ulanylýar. 
 
Ý 
Ýawa dili-awstroneziýa dilleriniň indoneziýa 
toparyna girýär. Ýawa adasynyň (Indoneziýa) merkezi we 
gündogar 
böleklerinde 
ýaýrandyr. 
Ýawa 
dilinde 
gepleýänleriň umumy sany 76 mln adam töweregidir. 
Grammatik many aňlatmakda analitik usullara eýedir. 
Sözlük düzüminde hindi, arap, iňlis dillerinden alnan 
sözler köp. Ýawa diliniň baý ýazuw däpleri bar. Gadymy 
ýazuw ýadygärligi 732-nji ýyla degişli hasaplanylýar. Has 
gadymy ýadygärlikleri kawi we pallawa ýazuwlary 
boýunçadyr. Söň olaryň esasynda ýawa bogun ýazuwy-
çekaran döredilýär. XIII-XIV asyrlarda Ýawa adasyna 
yslam dini bilen bilelikde arap ýazuwy gelýär, ol çekran 
ýazuwy bilen bilelikde ulanylypdyr. Häzirki wagtda latyn 
elipbiýiniň esasyndaky ýazuw esasy orny eýeleýär. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling