Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Sary uýgur dili- türki dilleriniň biridir.Hytaýyň Gansu welaýatynda Minhua etrabynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 4 müňden köpüräk hasaplanylýar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Sözlük düzüminde hytaý, Tibet, mongol dillerinden geçen sözler köpdür. Sary uýgur diliniň ýazuwy ýokdur. Sanskrit dili- hindi-ýewropa dilleriniň hindi toparyna girýär. Biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykda giňden ýaýrapdyr. Garmmatik gurluşy flektiw, Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edipdir. Köplük aňlatmakda ikilik san hem bar. Söz ýasalyşda sözleriň goşulmagy arkaly täze sözleri ýasamaklyk giňden ýaýrapdyr. Sard dili- hindi-ýewropa dilleriniň roman toparyna degişlidir. Sardiniýa adasynda ýaýrandyr. Sard dilinde 1,5 mln töweregi adam gepleýär.Sardiniýada garaşsyz Sard döwleti emele gelen döwürlerinde (XI-XIV asyrlar) döwlet dili hökmünde ulanylypdyr. Häzirki wagtda halkyň gepleşik dilidir. Şiweleri örän köp. Edebi diliň bütewi kadalary ýok. Grammatik many aňlatmakda analitik usullara eýedir. Sözlük düzüminde katalan, ispan, italýan dillerinden geçen sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Swan dili- kartwel dillerine degişlidir. Gruziýanyň Mestiý we Lenteh etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde 35 103 müň töweregi adam gepleýär. Ýokary bal, aşaky bal, laşh, lenteh şiweleri bar.Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Sözlük düzüminde gruzin dilinden geçen sözler köp.Ýazuwy ýok. Ýazuw-edebi dili hökmünde gruzin dili peýdalanylýar. Seýşel dili- fransuz diliniň esasynda emele gelen kreol dilidir. Seýşel adalarynda ýaýrap, fransuz dili bilen bilelikde döwlet dili hökmünde peýdalanylýar. Bu dilde 62 müň töweregi adam gepleýär.Grammatik many aňlatmakda analitik usullara eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling