Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet64/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Prus dili- hindi-ýewropa dilleriniň baltika toparyna 
girýär. Pribaltikanyň günorta-gündogarynda ýaýrapdyr. 
XVIII asyryň başlarynda ulanylyşdan galypdyr. Pruslaryň 
nesilleri nemes diline geçipdirler. Pomezan we samlad 
diýlip atlandyrylýan iki şiwesi bolupdyr. Grammatik many 
aňladyşda sintetik usullara eýe bolupdyr. Sözlük 
düzüminde nemes diliniň sözleri agdyklyk edipdir. Prus 
dilindäki birnäçe tekst, 800 sözden ybarat sözlük saklanyp 
galypdyr. 


99 
 
Pukapuka- awstroneziýa dilleriniň polineziýa 
toparyna degişlidir. Kuka adalarynyň düzümine girýän 
Pukapuka adasynda ýaýrandyr. Bu dilde 1 müň adam 
töweregi gepleýär. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullara eýedir. Sözlük düzüminde raroton dilinden alnan 
sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 
 
Pumpokol dili- ýeniseý dillerine degişlidir.XVIII 
asyryň 
ikinji 
ýarymynda 
ulanylyşdan 
galypdyr. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullra eýedir. 
Ýazuwy ýokdur. 
 
Puştu dili- hindi-ýewropa dilleriniň eýran toparyna 
girýär. Dari dili bilen bilelikde Owganystanyň döwlet 
dilleriniň biridir. Şeýle-de Pakistanyň käbir etraplarynda 
ýaýrandyr. Puştu dilinde 25 mln adam gepleýär diýlip 
hasaplanylýar. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullara eýedir. 
 

 
Rajasatany dili- hindi-ýewropa dilleriniň hindi 
toparyna 
girýär.Hindistanyň 
Rajstan 
welaýatynda 
ýaýrandyr. 14 mln-dan hem köp adamyň ulanýan dilidir. 
Hindi bogun ýazuwy-dewanagari ulanylýar. 
 
Rapanui dili- awstroneziýa dilleriniň polineziýa 
toparyna girýär. Pasha adasynda ýaýrandyr. Bu dilde 1 
müň töweregi adam gepleýär. Grammatik many 
aňlatmakda analitik usullara eýedir. Sözlük düzüminde 
ispan dilinden geçen sözler köp. Gadymy döwürlerde 
kohau-rongo-rongo haty ulanylypdyr. Soň bu hat ýitip 
gidipdir, onda ýazylan tekstleri hazier çenli okap 
bilenoklar. Häzirki döwürde latyn elipbiýiniň esasyndaky 
ýazuw ulanylýar. 


100 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling