Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet60/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Nubiý dili- şari-nil dilleriniň biridir. Gündogar 
sudan toparynyň nubiý toparçasyna girýär. Sudanda we 
Müsürde Nil derýasynyň jülgesinde ýaýrapdyr. Nubiý 
dilinde gepleýänleriň sany 2 mln adamdan gowurakdyr. 
VI-XIV asyrlarda Nubiý döwletiniň resmi dili hökmünde 
ulanylypdyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edipdir. Orta 
asyrlarda kopt elipbiýiniň esasynda döredilen nubiý 
ýazuwy bolupdyr. Biziň döwrümize çenli ýazuwy doly 
ýitip gidipdir. 
 
Numidiý dili-afraziýa dillerine degişlidir. Berber-
liwiýa toparyna giripdir. Häzirki Liwiýanyň çäklerinde 
b.e.öň I müňýyllykda ulanylypdyr.Numidiý elipbiýi 
peýdalanylyp, soň onuň esasynda tifinag diýlip 
atlandyrylýan berber ýazuwy döredilipdir. 
 
Nuer dili- nilot dilleriniň biridir. Sudanyň 
gündogarynda we Efiopiýanyň käbir etraplarynda ýaýran. 
Nuer dilinde gepleýänleriň sany 1 mln adamdan hem köp. 
Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk 
edýär, içki fleksiýa, owaz äheňleri, öňünden goşulýan 
goşulmalary bar. Ýazuwy latyň elipbiýiniň esasyndadyr. 
 

 
Oksitan 
dili-hindi-ýewropa 
dilleriniň biridir. 
Roman toparyna girýär. Fransiýanyň günortasynda 
ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 10 mln adam 
töweregidir. Şiwelere bölünişi örän ýokary derejede, bu 
bolsa, bütewi edebi diliň kemala gelmegine päsgel berýär. 


95 
Grammatik gurluşy katalan diline ýakyndyr. Grammatik 
many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edyär. Sözlük 
düzüminde fransuz dilinden alnan sözler köp. Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling