Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet56/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 

 
Nanaý dili-tungus-mançžur dillerine degişlidir. 
Orsyýediň Habarwsk we Primorsk ülkelerinde ýaýrandyr.
Bu dilde gepleýänleriň sany 6 müň adam töweregi 
hasaplanylýar. Orta amur, sungariý, ussuriý, kurumiý 
şiwelerine bölünýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly 
söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk 
edýär. Sözlük düzüminde rus dilinden geçen sözler köp. 


90 
Ýazuwy 1931-nji ýyldan 1963-nji ýyla çenli latyn 
elipbiýiniň, soňra rus elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Nauru 
dili-awstroneziýa 
dilleriniň 
biridir. 
Mikroneziýa toparyna girýär. Nauru Respublikasynyň iki 
döwlet diliniň (iňlis dili bilen bilelikde) biridir. Şiwelere 
bölünmeýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Nganasan dili- samodiý dillerine degişlidir. 
Taýmyr ýarym adasynda ýaýrandyr.Gepleýänleriň sany 
800 adam töweregidir. Awam we wadeýew şiweleri bar. 
Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk 
edýär. Rus dilinden alnan sözleriň sany köp. Ýazuwy ýok. 
 
Newar dili-hytaý-tibet dilleriniň biridir. Tibet-
birman toparyna girýär. Neapalda, şeýle-de Hindistanyň 
we Butanyň käbir etraplarynda ýaýrandyr. XIV-XVIII 
asyrlarda Neapalyň resmi dili bolupdyr. Newar dilinde 
gepleýänleriň sany 730 müň adam töweregidir. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Bogunlaýyn hindi ýazuwy 
peýdalanylýar. 
 
Negidal dili-tungus-mançžur dilleriniň biridir. 
Orsyýediň Habarowsk ülkesiniň çäklerinde ýaýrandyr. 
Negidal dilinde gepleýänleriň sany 250 adam çemesidir. 
Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda 
sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling