91
tapawut
uly
bolansoň
biri-birine
düşünişmegi
kynlaşdyrýar. Grammatik gurluşynda
analitik we sintetik
çäkler utgaşýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda.
Nengone dili-awstroneziýa dillerine degişlidir.
Melaneziýa
toparyna
girýär.
Luaýote
(Täze
Kaledoniýanyň
kenarlaryndan
daş
bolmadyk)
arhipelagynyň düzümine girýän Mare adasynda ýaýrandyr.
Bu dilde 6 müň töweregi adam gepleýär. Ýazuwy XIX
asyryň ikinji ýarymynda latyn elipbiýiniň
esasynda
döredilýär.
Nenes dili-samodiý dilleriniň biridir.
Tundrada
Kolsk ýarym adasyndan Ýeniseýiň kenarlaryna çenli
ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 26 müň adam
töweregidir. Tundra we tokay diýlip atlandyrylýan iki
şiwesi bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir.
Grammatik
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär.
Ýönekeý
sözlemdäki
sözler-eýe-doldurgyç-habar
görnüşinde ýerleşýär. Sözlük düzüminde
rus dilinden
geçen sözler köp. Ýazuwy 1932-nji ýyldan latyn, 1937-nji
ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr.
Neomelaneziýa dili-iňlis diliniň
esasynda emele
getirilen kreol dili. Täze Gwineýada iňlis
dili bilen
bilelikde ýaýran hem-de döwlet dili hasaplanylýar. Bu
dilde gepleýänleriň sany 3 mln adam töweregi adam. Söz
ýasalyşy esasan, sözleriň goşulmagyna daýanýar. Ýazuwy
latyn elipbiýiniň esasynda. Çeper eserleri 1961-nji ýylyň
aýaklaryna çapdan çykyp başlaýar.
Do'stlaringiz bilan baham: