Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet53/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Mançžur dili-tungus-mançžur dilleriniň biridir. 
Demirgazyk-günbatar we demirgazyk-gündogar Hytaýda 
ýaýrandyr. Bäş million ilatly mançžur halkynyň hytaý 
diline geçendigine görä, bu dilde gepleýän adamlaryň 
anyk sanyny görkezmek mümkin däl. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir, ýöne beýleki tungus-mançžur dillerinden 
tapawutlylykda Grammatik gurluşynda aňladyşyň analitik 
usullary giňden ýaýrandyr. Mançžur ýazuwy üýtgedilen 
mongol elipbiýidir. Hatyň ugry mongollaryňky ýaly 
ýokardan aşakdyr. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri XVII asyra 
degişli hasaplanylýar. 
 
Maoriý dili-awstroneziýa dillerine degişlidir. 
Polineziýa toparyna girýär. Täze Zelandiýada ikinji döwlet 
dili hökmünde ulanylýar (birinji döwlet dili iňlis dilidir). 
Bu dilde 300 müň adam gepleýär diýlip hasaplanylýar. 
Garmmatik many aňlladyşyň analitik usullary agdyklyk 
edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Mariý dili-fin-ugor dilleriniň biridir. Fin toparynyň 
wolžsk toparçasyna girýär. Mariý-El respublikasynda, 
tatarystanyň, 
Başgyrdystanyň 
käbir 
etraplarynda 
ýaýrandyr. Mariý dilinde gepleýänleriň sany 540 müň 
adam töweregidir. Biri-birinden düýpli tapawutlanýan iki 
gepleşigi bar, şolaryň esasynda iki sany edebi dil kemala 
gelipdir. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük 
düzüminde rus dilinden geçen sözler köp. Ýazuwy rus 


87 
elipbiýiniň esasyndadyr.Mariý dilindäki ilkinji kitap 1803-
nji ýylda çap edilipdir.
 
Marşal 
dili-awstroneziýa 
dillerine 
degişlidir.Mikroneziýa toparyna girýär. Marşal adalary 
respublikasynyň iki döwlet diliniň (iňlis dili bilen) biridir. 
Marşal dilinde gepleýänleriň sany 35 müň adam 
töweregidir. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling