Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet51/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Lýuksemburg dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. 
German toparynyň günbatargerman toparçasyna girýär. 
Lýuksemburg gersoglygynyň döwlet dilleriniň biridir 
(nemes we fransuz dilleri bilen bilelikde). Bu dilde 
gepleýänleriň sany 300 müň adam töweregidir. Grammatik 


84 
gurluşy nemes diline örän meňzeş. Sözlük düzüminde 
fransuz sözleri örän köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasynda. 

 
Maýýa dili-maýýa-kiçe dillerine degişlidir. Maýýa 
diller toparyna girýär. Esasan, Ýukatan (Meksika) ýarym 
adasynda ýaýrandyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly 
söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk 
edýär. Ýewropalylar gelmänkä maýýa siwilizasiýasynyň 
ýokary derejede ösen dili bolupdyr. Diliniň häzirki wagtda 
hiç hili resmi derejesi ýokdur. XVI asyra çenli öz iýeroglif 
ýazuwy bolupdyr. Ýazuwy häzirki wagtda latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Makedon dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. 
Slawýan toparynyň günorta toparçasyna degişlidir. Bolgar 
diline örän ýakyn bolup, Makedoniýanyň döwlet dilidir. 
Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 2 mln töweregi 
hasaplanylýar. Esasan, günbatar, gündogar, demirgazyk 
şiwe toparlary bar. Grammatik many aňladyşyň analitik 
usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy slawýan elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Malagasiý dili-awstroneziýa dillerine degişlidir. 
Indoneziýa toparyna girýär.Madagaskar Demokratik 
Respublikasynyň iki döwlet diliniň biridir (fransuz dili 
bilen bilelikde). Bu dilde gepleýänleriň umumy sany 10 
mln töweregi adamdyr. Iki şiwe topary bar. Grammatik 
many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär, şunuň 
bilen bilelikde goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrmak hem giňden ýaýrandyr. Sözlük düzüminde arap, 
Sanskrit, fransuz dilleriniň sözleri bar. Ýazuwy XIX 


85 
asyryň başlaryna çenli arap elipbiýinde bolup, soň latyn 
elipbiýine geçilipdir. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling