Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet40/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Gruzin dili-kartwel dillerine degişlidir.Gruziýanyň 
döwlet dilidir, şeýle-de Azerbaýjanda, Eýranda, Türkiýede 
ýaýrandyr. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 3,5 mln 
adamdan gowrak. Iki sany şiwesi bar. Şiweleriniň 
arasyndaky tapawut uly däl. Grammatik gurluşy goşulma 
arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. 
Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk 
edýär. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri V asyra degişli 
hasaplanylýar. Gruzin elipbiýi peýdalanylýar. 
 
Gujrat dili- hindi-ýewropa dillerine degişlidir. 
Hindi toparyna girýär. Hindistanyň Gujrat ştatynyň resmi 
dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 40 mln adam 
töweregidir.Dört şiwe topary bar. Bogun häsiýetli öz 
bogun haty ulanylýar. 

 
Hakas dili-türki dillerine degişlidir. Hakasiýada, 
Orsyýetiň Krasnoýarsk ülkesiniň, Tuwa respublikasynyň 
serhetleşýän 
etraplarynda 
ýaýrandyr. 
Bu 
dilde 
gepleýänleriň sany 57 müň damadan gowrak. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde rur we mongol 
dillerinden alnan sözler köp. Ýazuwy 1924-29-njy 
ýyllarda rus, 1929-1939-njy ýyllarda latyn elipbiýiniň 


71 
esasynda boldy. 1939-njy ýylda ýene rus elipbiýine 
geçildi.
 
Hausa dili-afraziýa dilleriniň biridir. Çad toparyna 
girýär.Nigeriýa döwletiniň demirgazyk etraplarynda 
ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 40 mln adamdan 
gowrak diýlip hasaplanylýar. Şiweleriniň arasyndaky 
tapawutlar uly däl. Sözlük düzüminde arap dilinden geçen 
sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 
 
Het dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Het-
luwiý toparyna girýär.B.e.ö XVIII-XIII asyrlarda häzirki 
Türkiýäniň 
çäklerinde 
ýaýrapdyr.Kuwwatly 
Het 
imperiýasynyň döwlet dili hökmünde ulanylypdyr. Hindi-
ýewropa dilleriniň arasynda gadymy ýazuwly dil bolup 
durýar. Grammatik gurluşy flektiw, Grammatik many 
aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edyär. Grammatik
jynsyň janly we jansyz görnüşleri tapawutlandyrylýar. 
Bize gelip ýeten ýazuw ýadygärlikleri bogun ýazuwy 
görnüşinde ýerine ýetirilipdir. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling