Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet29/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Buluç dili- Hindi-ýewropa gilleriniň biri bolup
eýran dilleri toparyna girýär. Pakistanda, Owganystanda, 
Eýranda, 
Türkmenistanda 
ýaýrandyr. 
Bu 
dilde 
gepleýänleriň sany 4 mln adamden hem geçýär. Günbatar 
hem-de gündogar şiweleri bar. Ýazuwy arap elipbiýiniň 
esasyndadyr.
 
Bengal dili- Hindi-ýewropa dillleriniň biridir. 
Hindi toparyna 
girýär.Bangladeşiň we Günbatar 
Bengaliýanyň resmi dilidir. Bu dlde gepleýänleriň sany 
170 mln adam töweregidir.Günbatar we gündogar 
atlandyrylýan iki şiwe topary bar. Grammatik gurluşy- 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir, grammatiki manyny aňladylyşyň sintetik 
serişdeleri agdyklyk edýär. Assam dili bilen umumy bolan 
bogun ýazuwy ulanylýar. Bengal dilinde eser döreden 
meşhur ýazyjy Ribindranat Tagordyr. 
Besermýan dili- fin-ugor dilleriniň biridir. Fin 
toparynyň perm toparçasyna girýär. Bu dilde gepleýän 
adamlaryň sany 10 müňe golaý. SSSR döwründe udmurt 
diliniň bir şiwesi hasaplanylýardy. Häzirki wagtda milli 
duýgularyň ösmegi netijesinde besermýan dili gaýtadan 
döredi. Bu diliň ýazuwy rus elipbiýiniň esasyndadyr. 


57 
Birman dili- Hytaý-tibet dillerine degişlidir. Tibet-
birman toparyna girýär.Birmanyň döwlet dilidir. Bu dlde 
gepleýänleriň sany 30 mln adam töweregidir. Biri-birinden 
güýçli tapawutlanýan arkan, tawoý, inta, danu, taunýou, 
ýo şiweleri bar. Sözleriň manylaryny tapawutlandyrýan 4 
owaz äheňi bar. Diliň ýazuw we gepleýiş görnüşleriniň 
arasynda tapawut uly. Ýazuwy bogun görnüşinde. 
Belarus 
dili
Hindi-ýewropa 
dilleriniň 
biridir.Slawýan 
toparynyň 
gündogar 
toparçasyna 
degişlidir. Belarus respublikasynyň çäklerinde, Russiýa 
Federasiýasynda, 
Ukrainada, 
Litwada, 
Latwýada 
ýaýrandyr. Belaruslaryň birtopary Polşanyň gündogar 
etraplarynda ýaşaýarlar. Belarus dilinde gepleýänleriň 
sany 8 mln adam töweregi hasaplanylýar. Bu dilde 
gepleýänleriň köpüsi iki dili bilýär, olaryň birtopary rus 
dilinde, beýleki bir topary bolsa polýak dilinde geplemegi 
başarýarlar. Belarus diliniň iki şiwesi bar: demirgazyk-
gündogar, günrta-günbatar. Grammatik gurluşy flektiw, 
grammatiki manyny aňladylyşyň sintetik serişdeleri 
agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde polýak dilinden alnan 
sözler köp. Şeýle-de baltika dillerinden geçen sözler hem 
duş gelýär. Häzirki zaman belarus ýazuwynyň esasynda
rus elipbiýi ýatýar. Rus elipbiýinden öň latyn elipbiýi, 
belarus fonetikasyna uýgunlaşdyrylan arap elipbiýi 
ulanylypdyr. Arap elipbiýini belarus musulman tatarlary 
Orta asyrlarda peýdalanypdyrlar. Häzirki zaman belarus 
edebi dili XiX asyryň ortalarynda emele gelipdir. 
 
Bislam dili- iňlis diliniň esasynda döredilen keol 
dilidir.Wanuatu döwletiniň resmi dilidir. Bu dilde 
gepleýänleriň umumy sany 100 müň adam töweregi 
hasaplanylýar. Täze şozler, esasan, sözleriň biri-birine 


58 
goşulmagy arkaly ýasalýar. Ýazuwy latyň elipbiýiniň 
esasynda.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling