Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet31/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Ç 
Çeçen dili-nah dilleriniň biridir. Çeçenistanda we 
onuň 
Dagystan 
bilen 
serhetleşýän 
etraplarynda 
ýaýrandyr.Bu dilde gepleýänleriň sany 800 müň adam 
töweregi diýlip hasaplanylýar. Grammatik gurlişy- 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere, 
şeýle-de flektiw. Sözlük düzüminde rus, arap, gruzin, pars 
dilleriniň sözleri bar. Ýazuwy 1917-nji ýylda arap 
elipbiýiniň esasynda döredilipdir, 1938-nji ýylda rus 
elipbiýiniň esasyndaky ýazuwa geçilipdir. Häzirki wagtda 
latyn elipbiýine geçmek işleri alnyp barylýar. 
 
Ceh dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir.Şlawýan 
toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Çehiýanyň döwlet 
dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 10 mln adam 
töweregidir. Çeh, ganas, silez, moraw gepleşikleri bar. 
Grammatik gurluşy-flektiw, grammatik many aňladyşyň 
sintetik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde 
alynma sözler örän azdyr. Latyn elipbiýiniň esasyndaky 
ýazuw ulanylýar. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri XIII asyra 
degişlidir. 


60 
Çžuan dili-taý dilleriniň biridir.Hytaýyň Guansi-
Çžuan etrabynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 
13 mln adamdan gowrak. Grammatik many aňlatmakda 
analitik usullar agdyklyk edýär. Sözleriň leksiki manysyny 
tapawutlandyrýan 6 owaz äheňi bar. Orta asyrlarda hytaý 
nusgasy boýunça döredilen iýeroglif ýazuwy ulanylan 
bolsa, häzirki döwürde latyn elipbiýiniň esasyndaky 
ýazuw peýdalanylýar. 
 
Çuwaş dili- türki dleriniň biridir. Çuwaşystanda we 
onuň 
serhetdeş 
etraplarynda 
ýaýrandyr.Bu 
dilde 
gepleýänleriň sany 1,4 mln adam töweregidir.Ýokarky we 
aşaky diýlip atlandyrylýan iki şiwesi bar. Grammatik 
gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasynda. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling