Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
agglýutinatiw
(goşulmalar arkaly söz ýasalyşy amala aşyrýan ) diller girýär. Olara türki, tungus-mançžur, ugor-fin we beýleki diller degişlidir. Agglýutinatiwlik emeli dil bolan esperanto diline hem häsiýetlidir. Bu görnüşdäki dillerde flektiw dillerdäki ýaly söz üýtgeýşiň ösen ulgamy bolsa- da, flektiw dillerden tapawutlylykda her bir grammatik manynyň öz aýratyn hususy görkezijisi bolýar. Meselem, komi-permýak dilindäki “sin” (göz) – “sinnezon” sözi tworitelniý düşümde, köplük sandadyr. Bu ýerde “nez” morfemasy köplük sanyň, “on” morfemasy bolsa, tworitelniý düşümiň görkezijisi bolup hyzmat edýär. Agglýutinatiw dillerde ähli atlar hem-de işlikler üçin ýöňkemede üýtgemegiň meňzeşligi mahsusdyr. Flektiw dillerde atlaryň şahs aňlatmaklarynda, işlikleriň ýöňkemede üýtgemeginde uly tapawuda duş gelýäris. Meselem, rus dilinde üç şahs, iki ýöňkeme, latyn dilinde bäş şahs we dört ýöňkeme bar. 26 Dilleriň dördünji görnüşine inkorporirleýji ýa-da polisintetik diller diýilýär. Beýle dillere çukot-kamçatka diller maşgalasy, Demirgazyk Amerikanyň indeýleriniň dilleri degişlidir. Dilleriň bu görnüşinde tutuş sözlemiň bir uly goşma sözde jemlenmek häsiýeti güýçlüdir. Munda grammatik görkezijiler aýratyn sözlerde däl-de, tutuşlygyna söz-sözlemde görünýär. Inkorporirlenişiň rus dilinde gabat gelşine hem mysal getirmek mümkin: “Я ловлю рыбу” sözlemi bir sözde, “рыболовствую” sözünde berilýär. Bu elbetde, tebigy däldir, ol emeli häsiýete eýedir. Polisintetiki dillerde islendik sözlem bir çylşyrymly goşma söz arkaly berlip bilner. Meselem, çukot dilindäki “Biz täze torlary goraýarys” diýen sözlem “Mytturkupregynrityrkyn” görnüşinde bolýar. Biz dilleriň dört görnüşi hakynda gürrüň edenimizde, tebigatda hiç hili garyndysy bolmadyk, himiki taýdan arassa maddanyň bolmaýşy ýaly, flektiw, agglýutinatiw, amorf, polisintetiki diliň hem doly derejede bolup bilmeýändigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Ine, hytaý we dungan dillerinde amorflyk häsiýeti güýçlüdir, ýöne onda agglýutinatiwlik häsiýeti hem bardyr. Flektiw hasaplanylýan latyn dilinde agglýutinatiwligiň käbir häsiýetleri duşýar, şeýle-de, agglýutinatiw eston dilinde flektiwlik häsiýetine gabat gelýäris. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling