37
Beýannama we düzmä baha goýlanda, şu ölçegleri we talaplary
gollanmak bolar:
Bahalar
mazmun we sözleýiş
sowatlylyk
1
2
3
«5-lik»
1. Işiň mazmuny tema doly laýyk gelýär.
2. Delil ýalňyşlary ýok.
3. Mazmun yzygiderli beýan edilýär (düzülen
meýilnama boýunça).
4. Iş mazmuna baýlygy we sözleriň öz ýe-
rinde takyk ulanylyşy, peýdalanylan sözleriň
we sözlemleriň gurluşynyň dürlüligi
bilen
tapawutlanýar.
5. Sözlemleriň düzülişinde birlik we labyzly-
lyk gazanylypdyr.
Tutuşlygyna alnanda, işiň mazmunynda 1
näsazlyga we sözleýşinde hem 1 näsazlyga
ýol berilýär.
1 dürs ýazuw ýa-da 1
dyngy belgi, 1
grammatik
ýalňyş bar.
«4-lük»
1. Işiň mazmuny tema, esasan, laýyk gelýär
(onçakly ähmiýeti bolmadyk gyşarmalar
bar).
2. Mazmun, esasan, ynandyryjy, emma ýek-
-tük delil nätakyklygy goýberilipdir.
3. Pikirleri yzygiderli beýan etmekde onçakly
ähmiýeti bolmadyk bozulmalar bar.
4. Sözleýşiň düzümi we grammatik gurluşy
ýeterlik derejede dürli görnüşlerde.
5. Sözlemleriň düzüliş birligi saklanypdyr we
ol ýeterlik derejede labyzlylyk bilen tapawut-
lanýar.
Tutuşlygyna alnanda, işiň
mazmu-
nynda 2-den köp bolmadyk näsazlyga we
sözleýşinde hem 2-den köp bolmadyk näsaz-
lyga ýol berilýär.
3 dürs ýazuw we 1 dyngy
belgi ýalňyşy ýa-da 2
dürs ýazuw we 2 dyngy
belgi, ýa-da 1 dürs ýazuw
ýalňyşy ýa-da 4 dyngy
belgi ýalňyşy, şeýle hem 2
grammatik ýalňyşy bar.