Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmenistanyň milli bilim instituty


Eksperimental meseleleri çözmeklige baha bermek


Download 149.5 Kb.
bet14/14
Sana08.03.2023
Hajmi149.5 Kb.
#1248904
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   14
Bog'liq
Himiýa 11 ýyllyk td adaty

Eksperimental meseleleri çözmeklige baha bermek.
“5” – baha:
-çözülüş meýilnamasy dogry düzülende, gerek bolan himiki maddalary we enjamlaryň saýlanyp alnyşy dogry bolanda, doly düşündiriş berilende we netije çykarylanda,
“4” – baha:
-çözlüş meýilnamasy dogry düzülende, gerek bolan himiki maddalaryň we enjamlaryň saýlanyp alnyşy dogry bolanda, düşündiriş berilende we netije çykarylanda ikiden köp bolmadyk düýpli däl ýalňyşlyklar goýberilende.
“3” – baha:
-çözülüş meýilnamasy dogry düzülende, gerek bolan himiki maddalaryň we enjamlaryň saýlanyp alnyşy dogry bolanda, düşündiriş berilende we netije çykarylanda düýpli ýalňyşlyklar goýberilende.
“2” – baha:
-eksperiment geçirilende iki we ikiden köp düýpli ýalňyşlyklar göýberilende, maddalar we enjamlar bilen işlenilende howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünlerini doly berjaý edilmedik ýagdaýynda.
Hasaplanyş meseleleriň çözlüşine baha berlişi
“5” – baha:
-mesele ýalňyşsyz çözülende we yzygiderli pikir ýöredilende, mesele amatly usullar bilen we netijeli çözülende.
“4” – baha:
-mesele çözülende yzygiderli pikir ýöredilip, düýpli ýalňyşlyklar göýberilmedik ýagdaýynda ýa-da meseläni amatsyz usullar bilen çözülende we şonda ikiden köp bolmadyk düýpli däl ýalňyşlyklar göýberilende.
“3” – baha:
-yzygiderli pikir ýöredilende düýpli ýalňyşlyklar göýberilmedik ýagdaýynda, ýöne matematiki hasaplamalarda düýpli ýalňyşlyklar göýberilende.
“2” – baha:
-yzygiderli pikir ýöredilmedik ýagdaýynda we meseläni çözülende düýpli ýalňyşlyklar bolanda.
Ýazuw işlerine baha berlişi.
“5” – baha:
-öwrenilen teoriýalaryň esasynda jogap doly we dogry bolanda, düýpli däl ýalňyşlyklaryň bolmagy mümkin.
“4” – baha:
-jogap doly däl bolanda ýa-da ikiden köp bolmadyk düýpli däl ýalňyş bolanda.
“3” – baha:
-işiň ýarysyndan az bolmadyk bölegi ýerine ýetirilende, düýpli ýalňyşyň birden köp bolmadyk ýagdaýynda ýa-da iki-üç düýpli däl ýalňyş göýberilende.
“2” – baha:
-işiň ýarysyndan az bölegi ýerine ýetirilende ýa-da birnäçe düýpli ýalňyşlar bolanda.
Ýazuw işleriň ýerine ýetirilişine baha berilende ýeke-täk orfografik düzgün berjaý edilmelidir. Jemleýji ýazuw işlerine goýulan baha çärýege, ýarym ýyllyga we ýyllyga goýulan bahalara täsir edip biler we üýtgedilip biliner. Barlag we amaly ýazuw işleriniň bahalaryny tutuşlygyna synp žurnalyna geçirmeli. Olary aýratyn depderde ýazmaly.
Laboratoriýa işlerini iş depderde ýazmaly. Laboratoriýa işleriniň bahalaryny tutuşlygyna synp žurnalyna geçirmekligiň zerurlygy ýok. Ol bahalary synp žurnalynda haýsy okuwçynyň bahasy az bolsa, şol okuwçylara geçirmeklik maslahat berilýär.


Download 149.5 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   14




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling