Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmenistanyň milli bilim instituty
Dilden berilýän jogaba baha bermeklik
Download 149.5 Kb.
|
Himiýa 11 ýyllyk td adaty
- Bu sahifa navigatsiya:
- Eksperimental başarnyklara baha berilişi.
Dilden berilýän jogaba baha bermeklik.
“5” – baha aşakdaky ýagdaýlarda goýulýar: jogaplar doly we dogry bolanda jogaplar sada we yzygiderlikli beýan edilende jogaplar özbaşdak öz düşünjesi bilen düşündirilende. “4” – baha: -öwrenilen teoriýa esasynda jogaplar doly we dogry bolanda -material belli bir yzygiderlikde beýan edilende -bir iki düýpli däl ýalňyşlyklar goýberlende -mugallymyň talaby bilen düzedilen ýalňyşlyklar bolanda. “3” – baha: -jogaplar doly bolup ýöne şonda düýpli ýalňyşlyklar goýberilende -jogaplar doly däl we baglanşyksyz bolanda -jogap berlende okuw materialynyň esasy mazmunyna düşünmezlik ýüze çykanda ýa-da düýpli ýalňyşlyklar goýberlende, olary okuwçy, mugallymyň ugrukdyryjy soraglaryndan hem soň düzedip bilmese. “2” baha: -okuw materialynyň manysyna düşünmän jogap berilende ýa-da mugallym tarapyndan okuwça ugrukdyryjy sorag berilende hem dogry jogap berip bilmedik ýagdaýlarynda. Eksperimental başarnyklara baha berilişi. Baha okuwçylara gözegçilik edip, edilen işlerine ýazuw üsti bilen hasabat berişleri esasynda goýulýar. “5” – baha: -iş doly we dogry ýerine ýetirilende. Dogry gözegçilikler we netijeler çykarlanda. eksperiment (synag) meýilnama boýunça ýerine ýetirilende, tehniki howpsuzlygyň düzgüni doly berjaý edilende hem-de maddalar we abzallar bilen işlemekligiň düzgüni doly berjaý edilende. -guramaçylyk zähmet endigi bar bolanda (iş orny arassa we iş stolynyň üsti tertipli saklananda,maddalar tygşytly peýdalananda) . “4” – baha: -iş dogry ýerine ýetirilende, dogry gözegçilikler we netijeler çykarylanda, eksperiment doly geçirilmese ýa-da maddalar we abzallar bilen işlenilende düýpli däl ýalňyşlyklar göýberlende. “3” – baha: -edilmeli işiň ýarysyndan az bolmadyk möçberi ýerine ýetirilende ýa-da eksperimentiň gidişinde, düşündirişde, işiň gurluşynda, maddalar we abzallar bilen işlenilende, howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri ýerine ýetirilen düýpli ýalňyşlyklar göýberilende, ol göýberilen ýalňyşlyklar mugallymyň talaby boýunça düzedilende. “2” – baha: -eksperimentiň gidişinde, düşündirilende, işiň gidişi ýazylanda, maddalar we abzallar bilen işlenende, howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri ýerine ýetirilende iki ýa-da ikiden hem köp düýpli ýalňyşlyklar göýberilende, ol ýalňyşlyklar mugallymyň talaby boýunça hem düzedilmese. Download 149.5 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling