Hasaplamaga degişli meseleler (1 sagat)
Hil we mukdar analizine degişli hasaplamalar.
Görkezme tejribeleri
Hil reaksiýalary geçirip görkezmek. Multimediýa serişdelerinde hil we mukdar analiziniň geçirilişine, maddalary biri-birinden saýlamaga we tanamaga degişli materiallar bilen tanyşdyrmak.
Laboratoriýa işleri № 4-5 (2 sagat)
1.Ionlaryň hil taýdan kesgitlenişi.
2.Organiki maddalaryň düzümindäki funksional toparlary kesgitlemek.
Organiki maddalaryň düzümindäki kratny baglanyşyklaryň barlygyny anyklamak.
Amaly iş № 4-5 (2 sagat)
Berlen organiki däl maddanyň düzümini kesgitlemäge degişli tejribe meselelerini çözmek. Berlen organiki maddanyň düzümini kesgitlemäge degişli tejribe meselelerini çözmek.
Ýokary molekulýar birleşmeler (10 sagat)
Ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy barada umumy düşünjeler. Ýokary molekulýar maddalary almagyň esasy usullary. Polimerleşme we sopolimerleşme, polikondensasiýa reaksiýalary.
Polimerleriň häsiýetleriniň olaryň gurluşlaryna baglylygy. Polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid, polistirol, fenolformaldegid smolalary. Alnyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. Ulanylyşy. ÝMB önümleriniň ýylylyk balansynyň üýtgemegine täsiri. ÝMB zyňyndylaryny zyýansyzlandyrmak.
Daşoguzyň “Polimiz” kärhanasy. Ruhabadyň turba öndürýän zawody. Sintetik kauçuklar we olaryň öndürilişi. Sintetik süýümler we olaryň öndürilişi. Polimer materiallaryň galyndylaryny zyýansyzlandyrmak. Ýylylyk balansyna polimer materiallaryň emele getirýän önümleriniň täsiri, ekologiki meseleler.-4 sagat.
Görkezme tejribeleri
Plastmassalaryň, kauçugyň we sintetik süýümleriň nusgalary.
Laboratoriýa işi № 6 (1 sagat)
Termoplastik polimerleriň häsiýetlerini öwrenmek termoplastikligi, ýanyjylygy, olaryň kislotalaryň, aşgarlaryň, oksidlendirijileriň erginlerine täsiri. Emeli süýümlere, kislotalaryň we aşgarlaryň erginleriniň täsiri.
Amaly işler № 6-7 (2 sagat)
Plastmassalary tanamak. Süýümleri tanamak.
Do'stlaringiz bilan baham: |