A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanyň döwlet hususy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary.Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň ýörelgeleri we baş maksatlary


Download 121.66 Kb.
bet46/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmenistanyň döwlet hususy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary.Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň ýörelgeleri we baş maksatlary. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek we döwlet tarapyndan goldamak barada beren tabşyryklaryna hem-de 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip düzülendir we görkezilen döwür üçin ýurdumyzda telekeçiligiň ösüşini döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän resminama bolup durýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 11570-nji karary bilen tassyklandy. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşiniň häzirki döwürdäki ýagdaýy 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda döwlet tarapyndan 19 268 sany edara görnüşli tarap hasaba alnyp, şolaryň 14 240-sy mikrokärhana, 1 668-si kiçi kärhana, 1 775-si orta kysymly kärhana we 1585-si iri we has iri kysymly kärhanadyr. Mundan başga-da, görkezilen döwürde Türkmenistanda döwlet tarapyndan 6 025 sany aýrybaşgalaşan bölüm birligi (şahamçalar we wekillikler) hasaba alyndy. Türkmenistanda hereket edýän kiçi we orta kärhanalaryň esasy bölegi Aşgabat şäherinde (29,5%) hem-de Lebap (23,8%), Ahal (15,1%) we Mary (14,1%) welaýatlarynda ýerleşýär. Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky kiçi kärhanalaryň sany jemi ýurdumyz boýunça alnanda 17,5 göterime deňdir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik üçin amatly şertleri döretmek boýunça anyk çäreleri toplumlaýyn durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatynyň wezipeleri bilen bagly bolan esasy ugurlaryň biri telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri döretmäge we telekeçilik işiniň ýokary netijeli ösmegine dolandyryş we guramaçylyk taýdan bökdençlik döredýän çäklendirmeleri we päsgelçilikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Kiçi we orta telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlaýan we gaýtadan taýýarlaýan ulgamy berkitmek we ösdürmek Bu ugurda durmuşa geçiriljek çäreler kiçi we orta telekeçilige degişli edara görnüşli we şahsy taraplar üçin hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerini giňeltmegi göz öňünde tutýar.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling