A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty


Download 121.66 Kb.
bet43/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylmagy hukuk binýadyny döretmekde nobatdaky ädim boldy. Döwlet Maksatnamasynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, maksatlary, wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi. Maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň hem-de olara döwlet goldawyny bermegiň her bir ugur boýunça anyk beýan edilmegi bilen çäklenilmän, eýsem, ýaş maşgalalary durmuş-ykdysady taýdan goldamagy hem göz öňünde tutýar. Bu maksatnama giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olara oňyn şertleri döretmek we saglygyny goramak, telekeçiligi ösdürmek, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermek ýaly şertleri döretmek boýunça möhüm resminamadyr. ýaşlar barada döwlet syýasaty – Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy; ýaşlar (ýaş raýatlar) – aşakdaky durmuş-demografik toparlaryň birine degişli Türkmenistanyň 14 ýaşdan 30 ýaşa çenli ýaşdaky raýatlary, olar öz ýaş häsiýetnamalarynyň we jemgyýetdäki durmuş ýagdaýynyň aýratynlyklarynyň jeminiň esasynda bölünip aýrylýar we ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak çäreleriniň we tärleriniň häsiýetinden ugur alnyp, mundan beýläk maksatlaýyn toparlar hökmünde kesgitlenýär: 1) okuwçylar – 14 ýaşdan orta bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän ýaş raýatlar; 2) talyplar – başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän ýaş raýatlar; 3) ýaş hünärmen – okuwy tamamlanyndan soň iki ýylyň dowamynda alan hünärine (taýýarlygyň ugruna, kärine) laýyklykda zähmet şertnamasy boýunça işe kabul edilen, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilimi edarasynyň uçurymy bolan ýaş raýat; 4) ýaş telekeçi – ýuridik şahsy döretmezden we işi ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýa-da ýuridik şahsyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň düzümine girýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýaş raýat; 5) ýaş alym – ylmy iş bilen hünär taýdan meşgullanýan ýaş raýat;



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling