A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanyň tebigatyny goramak we ekologik çäreler


Download 121.66 Kb.
bet51/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmenistanyň tebigatyny goramak we ekologik çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologik syýasatyny amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny düzýän kanunçylyk namalara Tebigaty goramak hakyndaky kanun (1991-nji ýylyň 12-nji noýabry), Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalar hakyndaky kanun (1992-nji ýylyň 19-njy maýy), Ýer jümmüşi hakyndaky kanun (1992-nji ýylyň 14-nji dekabry), Tokaý kodeksi (1993-nji ýylyň 12-nji apreli), Ösümlik dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakyndaky kanun (1993-nji ýylyň 28-nji dekabry), Döwlet ekologik ekspertizasy hakyndaky kanun (1996-njy ýylyň 20-nji dekabry), Haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakyndaky kanun (1997-nji ýylyň 12-nji iýuny), Ýer we Suw kodeksleri (2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry), Daýhan hojalygy we Daýhan birleşikleri hakyndaky kanunlar (2007-nji ýylyň 30-njy marty), Uglewodorod serişdeleri hakyndaky kanun (2008-nji ýylyň 20-nji awgusty), Ozon gatlagyny goramak hakyndaky kanun (2009-njy ýylyň noýabry), Sanitariýa kodeksi (2009-njy ýylyň noýabry) we beýlekiler degişlidir.


Türkmenistanyň territoriýasy Ahameniler dinostasiýasy häkimýeti astynda B.e.öň I müň ýyllykda häzirki Türkmenistanyň ähli ýerlerinde doly oturymly ilat ýaşapdyr. Olar esasan ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Olara Grek awtorlary skifler diýse, Eýranlylar Saklar diýipdirler. Ýöne köp ýazgylarda olar ýerli toponimiki atlar bilen baglaşdyrylyp: Ariýler, Saklar, Sarmatlar, Dahlar, Sagdiýanylylar, Baktriýalylar, Girkaniýalar, Massagetler,Horezminler, Margianylar hem diýilip atlandyrylypdyr. Köp halatda olar aýry-aýry taýpalar bolup özbaşdak dolandyrylypdyr. B.e.öň VI asyryň ortalarynda häzirki Eýranyň territoriýasynda Ahemeniler döwleti döräpdir. Özem 200 ýyldan gowrak dowam edipdir. Ony esaslandyran Kir II Ahemeniler döwleti dörän ilkinji ýyllarynda Günorta Türkmenistanyň dag etegi zolagynda ýerleşýän ilatyda özüne tabyn edipdir. Şeýlede uzak wagt geçmänkä Kir II Merkezi Aziýanyň köp ýerini Horezmi, Baktriýany, Margianany, Sagdianany özüne tabyn edip b.e.öň 530-njy ýylyň tomsunda Massagetleriň üstüne ýöriş edýär. Şol wagt Massagetleriň şasy zenan Tomiris (Tumarşa) bolupdyr. Bu söweşde Kir II goşunlary çym-pytrak edilýär we Kir II özem öldürilýär. Kir II öldürilenden soňra hem onuň mirasdüşerleri basybalyjylykly uruşlary alyp baryp köp ýerleri özüne tabyn edipdir we agyr salgytlar alypdyrlar. Şonuň üçin döwletiň içinde häli-şindi gozgalaňlar bolup durupdyr. Şeýle gozgalaňlaryň biri hem b.e.öň 522-nji ýylda Margianada bolan gozgalaňdyr. Bu gozgalaňa Margianaly Frada ýolbaşçylyk edipdir. Fradanyň gozgalaňy Dariý I (b.e.öň 522-486ý.)görkezmesi bilen Baktriýanyň satraby Dadriş tarapyndan b.e.öň 522-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-na basylyp ýatyrylýar. Gozgalaň basylyp ýatyrylanda 55 müň adamyň öldürilenligi, 6,5 müň adamyň ýesir düşenligi Eýrandaky Behistun ýazgysynda aýdylýar. Behistun sözi Bisütin ýa-da “Baga-Stana” sözünden bolup, “Baga-Stana” “Hudaýyňýeri” (Ahur Madza hudaýynyň ýeri) diýmekdir. Bu ýazgyly gaýa Eýranyň Hemedan şäherinden Siriýa gidýän ýoluň gyrasynda ýerleşýär. Behistan ýazgylary üç dilde ýazylypdyr: 1) Aranoý – Gadymy Eýran. 2). Elam – Mesopotamiýa. 3). Akkat – Wawilon. Ahemeniler basyp alan ýerlerini edara etmek üçin administratiw-territoriýa taýdan dolandyrmak üçin satraplyklara bölünipdir. (Welaýatlyklara). Dariý I (b.e.öň 522-486ý.) döwründe döwlet 20 satraplyga bölünipdir. Türkmenistanyň ýerleri Parfiýa, Baktriýa ýaly satraplyklara bölünipdir. Ahemeniler döwrüniň köne galalary Günorta we Demirgazyk Türkmenistanyň käbir ýerlerinde saklanyp galypdyr. Oňa mysal edip Kaka etrabyndaky Ỳelkendepe harabalygyny, Köne Sarahs galasyny, Murgapdaky Erk galany, Daşoguz welaýatyndaky Küýzeligyz we Galalygyz galalaryny görkezmek bolar.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling