A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmegiň täze modeli


Download 121.66 Kb.
bet40/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия



Türkmenistanda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmegiň täze modeli. Döwletimiziň ählitaraplaýyn ösmeginiň möhüm ugurlarynyň biri-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden hem pugta-landyrmakdan ybaratdyr. Oňyn häsiýetli bu gatnaşyklar ýurduň ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan ugurlaryň tutuş bir toplumy (häzirki zaman iş dolandyryş mehanizmleri, maýa goýumlary, innowasiýalar we tehno-logiýalar, hünär bilimi, ylmy we medeni gatnaşyklar) boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasaty halkara gatnaşyklarynyň yzygiderli giňelmegine we progrese giň ýol açýar. Ata Watanymyzyň daşary ykdysady syýasatynyň yzygi­derli pugtalandyrylmagy hem işeňňirleşdirilmegi ýurdumyzda öndüril-ýän esasy önümleri daşary ýurt bazarlaryna amatly şertlerde çykarmak boýunça ylalaşyklary we şertnamalary baglaşmaga ýardam berýär, bu bolsa öz nobatynda JIÖ-niň durnukly artmagyna oňyn täsir edýär. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň sazlaşykly ös-megi milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazary giňişligine ynamly aralaşýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurduň eksort potensialynyň yzygi­derli artdyrylmagy daşary söwda dolanyşygyndan alynýan gyzyl pul görnüşindäki girdejiniň ýeterlik gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýär, şol gorlar bolsa döwletiň töleglilik ukybynyň sazlaşykly ýag-daýda saklanylmagyna esas bolup durýar. Eger-de 2007-nji ýylda maýa goýumlaryň möçberiniň JIÖ bolan gatnaşygy 19%-den hem az bolan bolsa, 2008-nji ýylda bu gyradeňligiň görkezijisi 30-32%-e çenli ösdi, 2009-njy ýylda bolsa 47%-e ýetdi. Mil-li ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryna iri möçberli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi Türkmenistanda gazanylýan durnuk-ly ösüşleri şertlendirýän esasy faktorlaryň biri bolup durýar. Jemi içerki önümiň düzüminde önümçilik ulgamynyň pudaklarynyň paýy uludyr. 2009-njy ýylda bu görkeziji 2008-nji ýyldaky derejesin-de saklandy, ýagny JIÖ 72%-e deň boldy. Önümçilik ulgamynyň ösüş depginleriniň öňdebaryjy bady häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi ös-dürmekde aýry-aýry pudaklaryň ileri tutulmagy bilen bagly bolup durýar, çünki senagat daşary ýurt eksportynyň esasy göwrümini üpjün edýän bol­sa, oba hojalygynyň baş maksady içerki bazarda ýokary hilli önümleriň bolelinligini döretmekden ybaratdyr, gurluşykda bolsa iri möçberli maýa goýumlaryny özleşdirmekde uly öňegidişlikler gazanylýar.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling