A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmegiň we goramagyň ulgamy


Download 121.66 Kb.
bet41/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmegiň we goramagyň ulgamy. Türkmenistan demokratik, dünýewi we hukuk döwletidir. Biziň döwletimiz dünýä bileleşiginiň hatarynda we onuň doly hukukly subýektleriniň biri bolmak bilen, halkara syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, konstitusion gurluşyň, döwletliligiň kemala gelmeginiň, halkara standartlaryna we kadalaryna laýyklykda hukuk goraýyş ulgamyny, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň binýatlyk ýörelgeleri kesgitlenildi. Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli kepillendirmeleri 1)Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy.Planetanyň ähli adamlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen möhüm halkara-hukuk resminamasy bolup, BMG-niň «jynsyna, erkek-aýallygyna, diline we dinine tapawut goýmazdan adam hukuklaryna we hemmeler üçin esasy azatlyklara sarpa goýmagy höweslendirmekde hem-de ösdürmekde» (BMG-niň Tertipnamasynyň 1-nji maddasynyň 3-nji bölümi) hyzmatdaşlyk etmegi döwletlerden talap edýän Tertipnamasyny-ösdürmek üçin 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Bu sene her ýyl Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde bellenilýär. Jarnama 1948-nji ýyldan bäri BMG-niň ähli jarnamalarynyň hatarynda has möhüm we giň möçberiisidir, şeýle hem adam hukuklaryny we onuň esasy azatlyklaryny höweslendirmäge hem-de goramaga gönükdirilen halkara we milli tagallalary ruhlandyrýan esasy çeşme boldy hem-de kanuny ýagdaýda öňküsi ýaly şeýle bolmagynda galýar. Türkmenistan özüniň garaşsyzlyga eye bolan ilkinji günlerinden başlap Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini hem-de olara hormat goýýandygy barada yglan etdi. Yurdumyzda olary netijeli amala aşyrmak üçin syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepillendirmeler döredildi. Turkmenistan halkara şertnamalarynyň 120 golaýyny, şol sanda 4.0 Adam hukuklary baradaky konwensiýany goldaýandygyny bellemeli. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek döwlet häkimiýetiniň esasy borjudyr. Iň täze taryhy döwürde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň giň möçberli mehanizmini döretmek baradaky wezipeleri çözmek örän möhümdir we muňa Türkmenistanyň Prezidenti dowamly üns berýär. Umumy ykrar edilen halkara-hukuk resminamalarynyň düzgünleri dolulygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hem borçlary» atly II bölümine geçirilendir.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling