A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň aýratynlyklary
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň aýratynlyklary Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň senagatynyň binýadyny düzýär. Tebigy baýlyklary gazyp çykarýan pu-daklara düýpli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi senagatyň bu ugur-larynda öndürilýän hakyky önümiň möçberiniň artmagyna getirýär. Senagat önümçiliginiň tebigy baýlyklaryny gazyp almaga gönükdirilen pudaklaryna we toplumlaryna goýberilýän iri maýa goýumlary dürli ýerasty baýlyklaryň iri gorlarynyň ýerleşýän ýeri bolan ýurdumyzyň günbatar we günorta-gündogar sebitleriniň paýyna düşýär. Nebit-gaz pudagyna degişli önümçilikleriň esasy gorlarynyň derejesine düýpli tä-sir edýän şertleriň biri-de iň täze tehnologiýalara maýa serişdeleriniň işjeň ýagdaýda goýberilmegi bolup durýar. Bu tehnologiýalaryň aglaba bölegi ýurdumyza nebiti we gazy gazyp çykarmaga niýetlenen tehni-kany we enjamlary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalar tarapyndan ge-tirilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň binýadyny nebitgaz senagatynyň pudaklary düzýär. Türkmenistanyň uglewodorod potensialynyň deslap-ky gorlary nebit öwezine geçirilende 45,4 milliard tonna möçberinde bellenilýär. Şu wagta çenli ýurdumyzda nebitgaz we gaz-kondensat ýataklarynyň 150-siniň üsti açyldy. Täze açylan Günorta Ýolöten-Os-man, Ýaşlar ýataklar toplumy ägirt uly möçberli tassyklanan çig mal gorlaryna eýedir. Beýik Britaniýanyň dünýä meşhur «Caffney, Cline & Associates» kompaniýasynyň tejribeli bilermenleri bu tebigy çig mal ýataklarynda bar bolan gorlaryň düýpli audit derňewini geçirdiler. Amala aşyrylan barlaglaryň netijesinde Günorta Yolöten-Osman gaz käniniň «mawy ýangyç» gorlarynyň möçberiniň örän ýokary derejede-digini, deslapky çaklamalara laýyklykda 4-14 trillion kubmetre bara-bardygyny tassyklady. Şeýlelikde, özüniň önümçilik potensialy boýun-ça bu gaz ýatagy dünýäniň iň iri tebigy känleriniň ilkinji bäşliginiň düzümine girýär. 2009-njy ýylyň ahyrynda 2010-njy ýylyň başynda energiýa geçi-rijileriniň dünýä bazarlaryna barýan ugurlaryny düýpli diwersifika-siýalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan oňyn syýasatynyň aýdyň miweleri bolan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hy-taý transmilli gaz geçirijisi, şeýle-de goşmaça Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz tranzit ugry dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Umuman, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik infrastrukturasynyň yzygi-derli kämilleşdirilmegi toplumda belent sepgitleriň gazanylmagyny, pudagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine goşýan goşandynyň ýokary bolmagyny şertlendirýär. «Mawy ýangyç» çig malyny gaýtadan işläp, ondan suwuklandyry-lan gazy öndürmek boýunça iri kärhanalary gurmak işine iri maýalary çekmek göz öňünde tutulýar. 2009-njy ýylda Türk-menistanda öndürilen 16,3 milliard kilowat sagat elektrik energiýanyň 2,6 milliard kilowat sagady daşary ýurt bazarlaryna iberilendir.
Download 121.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling