A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Ilaty durmuş hyzmatlaryny etmek işini işiniň döwlet tarapynyndan düzgünleşdirmegiň guramaçylyk meseleleri
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
Ilaty durmuş hyzmatlaryny etmek işini işiniň döwlet tarapynyndan düzgünleşdirmegiň guramaçylyk meseleleri.Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiligi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmalary arkaly durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda raýatlaryň döwlet pensiýa üpjünçiligine bolan hukugy çäklendirilip bilinmez. Döwlet ilaty pensiýalar, kömek pullar bilen üpjün edýär. Bu barada esasy kanunymyzyň 37-nji maddasy şeýle diýýär “Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren we işsiz bolan halatynda durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga hukugy bardyr. Köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýär”1 Bu maddanyň mazmuny Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.Ilaty durmuş taýdan goramak– bu zähmete ukypsyz adamlara, maýyplara, çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyňtölenilmegi hemde durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik hem-de durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamydyr. Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiliginiň esasyny şertli-toplaýyş pensiýa usuly we toplaýyş pensiýa usuly düzýär. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly ätiýaçlandyrýanlaryň-pensiýa gatançlaryny töleýjileriň “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda töleýän hökmany pensiýa gatançlaryna we hökmany hünär pensiýa gatançlaryna esaslanýar. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy– meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslar tarapyndan tölenilýän pensiýa gatançlarynyň hasabyna olary goşmaça pensiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilen, döwletiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling