A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


JIÖ-niň, söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberiniň ösüşi


Download 121.66 Kb.
bet24/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

JIÖ-niň, söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberiniň ösüşi

Öndürilýän milli önümiň möçberiniň yzygiderli we durnukly ösmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady doktrinanyň rowaçlygynyň we ýokary netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir - soňky üç ýylyň için-de jemi içerki önümiň ortaça ýyllyk ösüşi 109% derejesinde saklan-magynda galýar. Bütin dünýäni gurşap alan çuňňur maliýe-ykdysady çökgünligiň şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösýändiginiň özi hem buýsandyryjy görkezijidir. 2008-nji ýylda öndürilen jemi içerki önümiň möçberi 43,7 mlrd manat (110,5% ösüş) bolan bolsa, 2009-njy ýylda bu görkeziji eýýäm 52,7 mlrd manada (106,1% ösüş) ýetirildi. Şeýle depginli ösüş milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynda we toplumlarynda öndürilen ýokary hilli önümleriň göwrüminiň artmagy, bu harytlara we hyzmatlara ýurdumyzyň içerki we dünýä bazarlarynda islegiň ýokary bolmagynyň gazanylmagy bilen berkidildi. Giň gerimli döwlet özgertmeleriniň amala aşyrylmagy we bazar şertleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi Türkmenistanda gazanylýan esasy makroykdysady görkezijileri yzygiderli ýokarlandyrmaga oňyn şertleri döredýär. Makroykdysady hem-de JIÖ-niň esasy görkezijileriniň özara gyradeň gatnaşygy amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň ýokary dere-jede netijeliligini görkezýär. Döwlet býujetiniň salgyt ýüküniň dereje-sini häsiýetlendirýän girdejileriniň derejesi soňky ýyllaryň dowamynda JIÖ-niň 23%-den artmady. Daşary ýurtlardan getirilýän maýa goýum önümleriniň dörtden üç bölegine golaýynyň tehniki-önümçilik maksatly önümleriň paýy-na düşýändigi sebäpli, maýa goýumlaryň we importyň gyradeňlik görkezijileriniň özara golaý bolmagy hem häsiýetli aýratynlyk bolup durýar. Eger-de 2007-nji ýylda maýa goýumlaryň möçberiniň JIÖ bolan gatnaşygy 19%-den hem az bolan bolsa, 2008-nji ýylda bu gyradeňligiň görkezijisi 30-32%-e çenli ösdi, 2009-njy ýylda bolsa 47%-e ýetdi. Mil-li ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryna iri möçberli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi Türkmenistanda gazanylýan durnuk-ly ösüşleri şertlendirýän esasy faktorlaryň biri bolup durýar. Maýa goýumlaryň JIÖ bolan gatnaşygy rasional häsiýete eýe bolmak bilen, maýa goýumlaryny artdyrmak ýolunyň Türkmenistan üçin geljekde hem özüne çekijiligini saklap galjakdygyna we milli ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň mundan buýana hem ýokary bolmagyny şertlendirjek-digine güwä geçýär.





Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling