A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 121.66 Kb.
bet54/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň agrar ulgamynyň döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy ugurlary. Türkmenistanda oba hojalygynyň we agrasenagat toplumynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, bu barada pudakda iri möçberli özgertmeler, azyk senagatynyň ösdürilmegi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň döredilmegi, oba ýerleriniň durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi, döwlet tabşyrygy boýunça öndürilýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň her ýylda sanynyň artdyrylmagy şaýatlyk edýär. Agrosenagat önümçiliginiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy ugurlary: oba hojalyk önümleriniň, çig malyň we azyk önümleriniň bazaryny emele getirmek we onuň hereketi; maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak, ätiýaçlandyrmak, ýeňillikli salgyt salmak; daşary ykdysady iş amala aşyrylýan halatynda ýurduň haryt öndürijileriniň bähbitlerini goramak; agrosenagat önümçiliginiň ulgamynda ylmy ösdürmek; obanyň durmuş ulgamyny ösdürmek. Döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy ugurlary: ýurduň azyk garaşsyzlygy; ilat üçin azyk önümleriniň ýeterlik bolmagy; azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy. Agrosenagat önümçiligini goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen býujet serişdeleri şu aşakdaky maksatlar üçin peýdalanylýar: täze tehnikalary we enjamlary satyn almagy goşmak bilen maýa goýum işini goldamaga; topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga; döwlet suwaryş ulgamlaryny saklamaga; töwerekdäki gurşawy goramak boýunça ylmy barlaglary geçirmäge; agrosenagat önümçilik ulgamyny karzlaşdyrmak, oba hojalyk kärhanalaryny karzlaşdyrmagyň zerurlygy oba hojalyk önümlerini öndürmegiň gurluşynyň aýratyn häsýeti bilen şertlendirilýär; material serişdelerini we energiýa geçirijileri satyn almaga; oba hojalyk önümleriniň, çig malyň, azyk önümleriniň bazaryny ösdürmek we goldamak; hünär taýýarlygyny guramak.



Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we geljekki ösüşiň esasy ugurlary Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy, bu buýsançly sepgitleriň ep-esli bölegi soňky ýyllaryň paýyna düşdi. Gazanylan be-lent derejeler, bitirilen anyk işler, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aňrybaş kämildigine, ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli artdyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokar-landyrmaga giň ýol açýandygyna şaýatlyk edýär. Döwletde bolup geçýän esasy prosessleriň makroykdysady nukdaý-nazardan özara sazlaşykly häsiýeti munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Jemi içerki önümiň möçberiniň görnetin artmagy, öndürilýän önümiň düzüminiň hem hiliniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ykdysadyýetiň köpugurlylygyny gazanmak maksady bilen amala aşyrylýan diwersifi-kasiýa çäreleri, ýurduň daşary-ykdysady syýasatynyň çuňlaşdyrylmagy, maýa goýum syýasatynda düýpli täzeçillikleriň girizilmegi, pul-karz gatnaşyklarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, Döwlet býujetiniň girdejileriniň durnukly ýokarlanmagy we institusional özgerişlikler jemgyýetde durnukly ýagdaýy saklamakda düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň görkezijileri bolup çykyş edýär. Bu şertleriň hemmesi birin-birin Täze Galkynyş zamanasynyň ilkinji we esasy, manysy boýunça hakyky ynsanperwer maksadyna - türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyňka ýetirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda özüniň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýun­ça gazanylýan belent ösüş depginleri bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Um-masyz tebigy baýlyklyary özleşdirýän pudaklar ýerasty gorlarymyzyň serişdelerini aýawly hem ýerlikli peýdalanmak bilen, döwlete uly möçberde daşary ýurt gyzyl pullarynyň gelmegini üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, ýurtda gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Rowaç-lyklara eýe bolýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri düýpli maýa goýumlaryny önümçilik-tehniki desgalaryny we medeni-durmuş infrastrukturasyny gurmaga gönükdirmekden ybaratdyr.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling