A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durmuşa gönükdirilşi
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durmuşa gönükdirilşi Durmuşa gönükdirilen garyşyk görnüşli bazar ykdysady ulgamy bazar gatnaşyklaryna geçilen halatynda ýüze çykýan durmuş mesele-lerini çözmäge döwletiň işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Geçiş şertlerinde Türkmenistanda ilatyň ýeterlik güýçli durmuş goraglylygy üpjün edilýär. Türkmenistanda syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde ähli amala aşyrylýan özgertmeler adamyň mynasyp ýaşaýşyny, abadançy-lygyny we ýurduň her bir raýatynyň şahsy mümkinçiligini hemmetarap-laýyn erkin ösdürmegi üpjün etmek üçin şertleri döretmäge gönükdiri-lendir. Häzirki döwürde ýurtda emele gelen syýasy durnuklylyk, millet-ara we konfessionalara sazlaşyk, jemgyýetiň agzybirligi we jebisli-gi - bularyň hemmesi möhüm pursatlardyr, bular bellenilen maksada - garyşyk görnüşli bazar ykdysadyýetli durmuş döwletini döretmäge tarap öňe süýşmäge işjeň ýardam berýärler. Şu şertlerde döwlet ta-rapyndan döredilýän durmuş kepillikleri wajyp häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ähli raýatlar zähmet çek-mek, öz garamagy boýunça hünäri, işiň görnüşini we iş ýerini seçip almak, saglyk we zähmetiň howpsuz şertleriniň, garrylyk, syrkawlan ýagdaýynda, maýyplyk, zähmete bolan ukybyny ýitiren halatynda, ekleýjisini ýitiren halatynda, işsizlikde durmuş üpjünçilik hukugyna eýedirler. Jemgyýetçilik serişdelerinden köp çagaly maşgalalara, ene-atasyny ýitirenlere, urşa gatnaşyjylara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goran halatynda saglyklaryny ýitiren beýleki adamlara goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär. Türkmenistanda mugt bilim ulgamy kepillendirilýär, saglygy goraýyş elýeterli, ýaşaýyş jaýy we jemagat hyzmatlarynyň, ulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalary pes derejede. Eýýäm uzak wagtdan bäri biziň halkymyz gazdan, elektrik energiýasyndan, suwdan, nahar duzundan mugt peýdalanýar. Benziniň we ýangyjyň beýleki görnüşleriniň bahasy biziň ýurdumyzda dünýädä-ki iň pes bahalaryň biri bolup galýar. Maýa goýumlaryň gurluşykda önümçilik däl ulgamyň esasy düýpli maýadaky paýy onuň agramynyň, takmynan, üçden bir bölegine ba-rabardyr, bu maýa goýumlarynyň ep-esli bölegini durmuş ulgamyna, durmuş infrastrukturasyny ösdürmäge we ýurduň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Ähli ýerde halkara ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman, tehniki jähtde iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, medisina merkezleriniň, ýokary okuw rnekdepleriniň, orta mekdepleriň, mede-niýet we sport, sungat we dynç alyş hem-de beýleki durmuş binalarynyň gurulmagynyň sany artdyrylýar.
Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling