A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 120.6 Kb.
bet53/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Türkmenistanyň ykdysadyýetini maliýe taýdan üpjün etmekde güýçli döwletiň bolmagynyň ähmiýeti Tranzit ykdysadyýetiniň durmuş maksatly ugrukmalarynyň ins-titusional esaslarynyň güýçli ösýän bazar ykdysadyýetiniň talaplary-na uýgunlaşýan häzirki döwründe ýurtda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalarynyň döwletimiz tarapyndan sazlaşdyrylmagy hem rejelenmegi doly esaslandyrylandyr. Ösüşiň häzirki tapgyrynda mil­li ykdysadyýet hil taýdan täze, ösýän we özgerýän ykdysady bitewiligi bina edýär. Türkmenistanyň milli gurluşynyň döwlet eýeçiliginiň agalyk etmegine daýanýandygyna garamazdan, eýeçiligiň köpgörnüşli ulgamyna geçmekde, bazar häsiýetli ykdysady ulgamy emele getir-mekde, dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi bolan we beýleki milli ykdysadyýetler bilen deň derejede globallaşýan häzirki zaman dünýä-sinde özüniň mynasyp ornuny tutmak üçin deň derejede bäsdeşlige goşulyşýan işjeň ykdysadyýeti pugtalandyrmakda köp işler bitirilýär. Şeýle şertlerde döwlet ösüşinde has möhüm ugurlary saýlap almak işi ýurduň milli bähbitlerini sebitde bar bolan geosyýasy hadysalar we şertler, şol hadysalarda we şertlerde Türkmenistanyň tutýan orny hem ähmiýeti bilen inçeden sazlaşdyrmak başarnygyna bagly bolup durýar. Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen dürli ugurlarda işjeň aragatnaşyk saklaýandygyny, köptaraply, oňyn häsiýetli hem ählumumy bähbitleri-ne alyp barýan döwletli başlangyçlary yzygiderli orta atýandygyny bel-lemek gerek. Netijeli halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyr-makda, jedelleriň we dawalaryň öňüni almaga gönükdirilen prewentiw diplomatiýanyň ösdürilmeginde, bütindünýä energiýa howpsuzlygyny berkarar etmekde ýurdumyzyň öňe süren hoşniýetli ideýalarynyň dünýä arenasynda giň goldawa eýe bolmagy muny aňryýany bilen tas-syklaýar. Şunuň bilen baglylykda dünýä bazarynyň doly hukukly ag-zasy bolan milli ykdysadyýetimiziň bütindünýä ähmiýetindäki orny Türkmenistanyň durmuşa ornaşdyrýan ykdysady doktrinasynyň sal-damly bölegini düzýär, çünki ýurdumyzyň halkara at-abraýy belli bir derejede ilatyň erkin bäsdeşlik ýoly bilen ösýän we özgerýän içerki we daşarky bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän harytlar we hyzmatlar bilen kanagatlandyrylyşyny görkezýär. Islegleriň we hajatlaryň halka­ra we döwletara häsiýetine eýe bolmagy, sarp edilişiň we önümçiligiň ösüşiniň umumy talaplara tabyn bolmagy milli ykdysadyýetiň üstüne düşýän esasy wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň pugta binýady bolup çykyş edýär.




Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling