Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- NÄME ÜÇIN ÝYLGYRÝAR
- BIZ ADAM DÄLMI
Soraglar we ýumuş:
1. Myraly näme üçin Soltansöýüne gawun äkelýär? 2. Soltansöýün Myrala näme sebäpden bir penje teňňe berýär? 3. Myraly wezirleri nädip ýeňýär? 4. Myraly goýunlaryny nesýe näçe wagta satypdyr? 5. Myraly patyşanyň gazabyndan nähili gutulýar? 6. Hekaýanyň bölümlerini deňeşdirip aýdyň. GYSGA ÝORGAN Soltansöýün öz wezir-wekilleriniň akyl-paýhasyny saý- garmak üçin, olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gys- ga ýorgany başaşa kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr. 190 Wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili ta- galla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar. Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan: – Myraly, sen ýokmusyň? – diýip gygyrypdyr. Myraly oňa: – Soltanyň gahary gelmese, ýetireýin – diýipdir. Soltansöýüniň ýorganyň aşagyndan sesi çykypdyr: – Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler. Myraly ýanyndaky gamçysyny alypdyr-da, Soltanyň ýalaňaç injiklerine mäkäm çalypdyr. Soltanyň aýaklary şolbada ýorgana çolanypdyr. Soltan ýerinden galyp: – Näme üçin urduň? – diýip soranda, Myraly oňa: – Buýrugyňa emel edip, ýorganyňy aýagyňa ýetirdim. Aslynda sen näme üçin ýorganyňa görä aýak uzatmadyň? – diýip jogap beripdir. NÄME ÜÇIN ÝYLGYRÝAR? Soltansöýüni bir baý toýa çagyrypdyr. Soltansöýün My- rala ertir daňyň alagaraňkysynda ugrarys, şaýyňy tutup ýat- gyn diýip tabşyrypdyr. Myraly ony geňirgäp: – Näme üçin alagaraňkyda? – diýip soranda, ol oňa: – Günüň doganyny görmälimiz kän wagt boldy. Güni ýolda doguraly – diýip, jogap beripdir. Soltansöýün ondan soň hyzmatkärlerine: – Myralynyň atyna iým bermäň-de, torbasyna gor salyp geýdiriň – diýip tabşyrypdyr. Myraly Soltansöýüniň jogaby bilen kanagatlanman, garaňkyda ugramakçy bolanyna bir sebäbiniň baryny aňlap, gije atyna atlanmaga barypdyr. Görse, atynyň erinleri syrtaryp, dişleri ýalpyldap görnüpdir. Myraly onuň Soltan- söýünden ýetenini bilip, ahmalyna garap barypdyr-da, onuň münjek atynyň guýrugyny düýbünden kesipdir. 191 Olar daňyň alagaraňkysynda ugrap, güni ýolda dogrup- dyrlar. Soltansöýün yzyna gaňrylyp seredipdir-de, haha- haýlap gülüpdir: Myraly seniň atyň nämä ýylgyrýarka? Myraly oňa: – Soltanym, seniň atyň guýrugyna ýylgyrýan bolaýmasa – diýip, jogap beripdir. Soltansöýün atynyň guýrugyna gözi düşenden, atynyň başyny yzyna dolapdyr. Myraly şonda: – Soltanym, ýakma – bişersiň – diýipdir. BIZ ADAM DÄLMI? Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege hö- küm edip bilmändir. Ol Myrala ýüzlenip: – Heý siňegiň ýok ýeri barmyka? – diýip sorapdyr. Myraly oňa: – Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! – diýipdir. Soltansöýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip oýlanypdyr-da: – Atlan! – diýipdir. Olar bir çöl-beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyzz edip gelipdir-de, Soltansöýüniň ýüzüne gonupdyr. Soltansöýün Myrala garap: – Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu näme siňek dälmi? – diýipdir. Myraly oňa: – Ikimiz näme adam dälmi? – diýip jogap beripdir. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling