Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar:
1. Ýawgu han kim? Onuň ogullarynyň atlaryny aýdyň.
2. Garahanyň ogly Oguz eneden bolanda, onuň üç gije-
gündizläp enesini emmediginiň sebäbi näme?
3. Oguzyň öýlenişi barada gürrüň beriň.
OGUZ URUGLARY BIRLE HARB KYLYP, 
ÝEŇIŞ GAZANANY
Oguz awdan gaýdyp öýüniň ýakynyna ýetdi, erse atasy, 
agalary we uruglaryny gördi kim, ýygnanyşyp, taýýar bolup, 
garaşyp duran ekenler. Ol hem öz nöker we ýaranlaryny ýyg-
yp, olar birle harb kyldy.
Oguz ýeňip, olaryň ýerini tutup müddet ýetmiş bäş ýyl 
öz uruglary birle gaýrat edip, akybet barlaryny ýeňip boýun 
egdirdi. Ulus we welaýatlary Karakurumgaça öz eline alypdyr.
Galan uruglar ejizlik, biçärelik ýüzünden oňa diýdiler kim: 
«Biz barçamyz seniň asyl we nejadyňdandyrys. Bir agaç mi-
wesi we bir köküň şahalarydyrys. Neçün bize gahar we azar 
edýärsiňiz?»
Oguz diýdi: «Eger siz Allatagalaga iman getirip, yba-
dat kylsaňyz, men size aman berip, Türküstany ýaşaýyş üçin 


213
size bereýin». Olar inkär kyldylar, erse, Oguz olary Karagu-
rumgaça kowupdyr. Olar anda baryp, ýazylarda ýaşap, ýaýlak 
we gyşlaklaryny ol ýerde ýaşadylar. Olar garyplyk we binow-
alykdan mydama gamgyndylar. Oguz olara «mowal» at dak-
dy, ýagny mydama gamda, ýüregiňiz gysyglykda, biçärelikde 
bolgaýsyňyz we itiň derisini geýmeklik bilen ýaşagaýsyňyz 
we Türküstan welaýatyna girmegeýsiňiz diýip tabşyrdy. 
Türkmenleriň pikirine görä, mongollar Orhan we Gürhan nes-
lindendirler we gündogar tarapda ýerleşýärler. Emma olaryň 
nesliniň gelip çykyşy hakykat ýüzünde anyk mälim däldir.
Oguz ol ýeňişlerden soň gaýdyp, bir altyn öý dikmäni 
buýurdy. Onuň içinde ýaranlary toý tutdy. Oňa kömek we me-
det beren bir kowum bardy, aňa «uýgur» diýip at goýdy, ýagny 
türkmen dilinde «bize tabyn bolup, medet berdi» diýmekdir.
Ýene bir kowum bardy, olja alnanda ulaglary we ýük 
daşarlyk haýwanlary ýokdy, zat ýüklemek üçin kanla arbalar 
ýasadylar. Ondan öň ol arba diýlen zat ýokdy. Olar zatlaryny 
we gerek ýaraglaryny şoňa ýükläp eltdiler. Bu ygtybar birle 
olaryň atlaryny «Kanly» dakdy.
Leşkerler Talas we Saýramdan ýygylyp gelip, Oguz mem-
leketine aralaşyp terslikler ederdiler. Oguz olaryň üstüne ýöriş 
etdi we söweşdiler, söweşde ýeňiş gazandy. Ol Talas we 
Saýramy tä Mawerannahr, Buhara we Horezmeçe eýeläp, öz 
golunyň astyna aldy. Bu etrap we töwerekde ýaşaýan öz ugur-
lary bilen Oguz täze ähd we misak kyldy: «Siz meniň mal we 
mülkime aralaşmaň we ýakyn-ýadyma el gatmaň: men jahany 
eýeläp tutmaga aýak basdym».

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling