Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet64/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş: 
1. Şahyr goşguda näme hakda pikir ýöredýär? 
2. Goşguda zähmetsöýer adamlar nähili taryplanýar? 
3. „Watan – ak süýt beren bir enä meňzär“ diýen setiriň 
manysyny düşündiriň. 
4. Goşgyny labyzly okaň, mazmunyny özleşdiriň. 
Halkyma
Dolanyp gel, ösýän şemal, 
Seniň maňa geregiň bar. 
Şat ömürden şatlyknama
Ýazsam diýen dilegim bar. 
Giň ülkämi söýüp kileň, 
Ylgaşdyňmy keýik bilen? 
Şatlygyny ýaýyp gelen, 
Şeýle tämiz habaryň bar. 
Ýagşylygy köňlüň isläp, 
Gül-gunçany ysgap-ysgap, 
Mekanyma göwün besläp, 
Gelseň, döwran süreriň bar. 
Näçe baýlyk, näçe altyn, 
Ýer-suw, mal-gara, daragtyň


209
Özüň eýesisiň halkym, 
Baý nesibe – höregiň bar. 
Guş ganaty gyrlan çöldi, 
Indi polat ýollar geldi, 
Meýdanlar – göz ýagym aldy, 
Ömür gülün tirerim bar. 
Dostluk bilen artar şanyň, 
Hyjuw bilen gaýnar ganyň, 
Bu gün doly desterhanyň, 
Dürli nygmat – çöregiň bar. 
Sag bol, halkym, sen diýemde, 
Gujur peýda bolýar mende.
Saňa dil ýetse her çende, 
Ýaka tutar bilegim bar. 
Ybraýym diýr: janyn beren, 
Dostuna kökenek geren, 
Seniň üçin urup duran, 
Göwrämde bir ýüregim bar.
Soraglar we ýumuş: 
1. Şahyr näme hakda pikir ýöredýär? 
2. Goşguda Watan keşbi nähili suratlandyrylýar? 
3. Goşgynyň mazmunyny düşündiriň. 
14 – Edebiýat, 6-njy synp


210
GOŞMAÇA OKAMAK ÜÇIN
Oguznama
(Bölekler)
Türk taryhçylary andag rowaýat kylurlar kim, Nuh 
alaýhys-salam ýer ýüzüniň ýaşalýan dörtden bir bölegini per-
zentlerine paýlanda, Maşryk we Türküstany, ol aralygy, uly 
ogly Ýafi se berdi. Ýafi se türkler Uljaýhan lakamy beripdirl-
er. Ol sähralarda ýaşaýardy we gyşlagy Türküstan ýerlerin-
de bolardy, ýaýlagy bolsa Ortak we Kurtak erdi kim Ynanj 
şäheriniň araçägindedir. Kyşlagy hem arada Barsuk we Kara-
kum, kim Karakurum ady bilen meşhurdyr, şu çäklerde bolar 
erdi.
Bu iki aralykda iki şäher bardyr. Talas we Kary Saýram 
atly kim kyrk derwezesi bar turur, bagaýat uly we muazzam 
şäherdir. Indi musulman türkler ol mesgenlerde ýaşaýarlar we 
Künçi welaýatyna tabyndyr. Uljaýhan onda bolar erdi we bir 
ogly boldy. Dib Ýawgu han atly. Dib sözüniň manysy taht 
we jaý turur we Ýawgu – ilbaşy diýmekdir. Ol uly ynamdar 
padyşa erdi we dört muteber we meşhur ogly bolup, Gara-
han, Orhan, Gürhan we Güzhan atlydylar.
Garahan atasynyň ýerine kaýym kakam bolup, taht we täji 
kabul etdi. Allatagala permany birle ondan bir humaýun eser 
masud nazar ogul doglup, üç gije-gündiz enesiniň süýdüni 
emmedi. Enesi anyň haýatynda maýus bolup, gamnak hazin 
oturar erdi. Bir gije düýşünde gördi kim, «Eger sen maňa 
süýdüňi emdirmek isleseň, ýeke we taýsyz perwerdigäre 
iman getirip, buýrulan işleri ýerine ýetirmäge we gadagan 
edilen işlerden gyrada durmaga başla!» diýdi.
Ol üç gijeläp beýle düýş gördi, eýse ärinden ýaşryn Al-
latagalaga iman getirdi. Ondan soň ogluny asmana göterip 
doga kyldy: «Ilahi men biçäräniň süýdüni bu ogul dada-
nda şirin kyl» diýdi, Filhal ogly enesiniň süýdüni emmäge 
başlady.


211
Bir ýyldan soň atasy oglunyň ýüzünde ýetişik eserini we 
asyllylyk nyşanyny gördi. Suraty husn we jemalyndan aja-
planyp, diýdi kim: «Hergiz biziň kowum we urugymyzda 
munuň dek päkize we hub surat ogul dogulmandy».
Gödek bir ýyldan soň Isa sypat açyk dil çykaryb diýdi: 
«Maňa Oguz diýip at goýuň, sebäbi men şa öýünde bargähde 
doglupdyryn». Oňa şol sebäpden Oguz at goýdular.
Oguz çagalygynda-da, ösüp-ulalýarka-da, kämillik ýaşyna 
ýetende-de mydama şükür we zikir edip, Allatagalany ýat-
lap gezerdi we ýaradanyň ýardamy oňa ýar bolar erdi. Edep, 
hünär, ok atmak we at çapmakda hemmeleriň dilinde mysal 
bolupdy.
Atasy oňa agasy Gurhanyň gyzyny aýtdyryp öýe getirdi, 
erse, Oguz ol gyzy hudaýy tanamaklyga çagyrdy. Gyz onuň 
sözüni inkär kyldy. Ol hem onuň bilen ýaşamady, ondan 
daşrak durarga ygtyýar etdi.
Atasy muny görüp, ýene bir agasy Gürhanyň gyzyny 
onuň üçin aldy. Oguz ondan hem şol talaby etdi. Ol gyzy 
hem inkär etdi. Oguz oňa-da ülpet bolmady.
Atasy ýene bu haly görüp, kiçi inisi Orhanyň gyzyny 
oňa alyp berdi. Oguz ondan musulman bolmagyny isledi. 
Gyz diýdi: «Men saňa baglydyryn. Haýsy ýoldan ýöreseň, 
ardyňdan baryp, seniň emriňe taýyn we garaşykdadyryn».
Oguz onuň birle söhbet tutdy, oňa mähir-muhabbeti döre-
di. Özge gyzlar oňa gabandylar we göriplik etdiler.
Bir gün Oguz awa çykypdy. Garahan uly toý tutdy we 
gelinlerini hem çagyrypdy. Garahan aş ortasynda sorady ki: 
«Bu iki uly gelin husyn-u suratda, ol kiçiden ýagşyrakdyrlar. 
Ne sebäpden, ýa rebb, Oguz ony bulardan köp söýýär?».
Ol iki hatyn pursada garaşýardylar, wagt tapyldy, we olar 
kine we edawat ýüzünden diýdiler kim «Oguz bizi asman 
hudaýyny tanamaga dawat etdi, musulman boluň diýip. Biz 
kabul etmedik, eýse, ol bizden daş durmagy halady. Oňa 
mähir-muhabbet edýänliginiň sebäbi ol kiçi gelin onuň sözü-
ni kabul edipdir we musulman bolupdyr».


212
Garahan ol gyzy çagyrdyp, ondan bu haly derňedi. Emma 
ol gelin inkär etdi. Garahan gaharlanyp, derrew garyndaşlaryny 
we urugyny häzirläp, olara diýdi kim: «Oglum Oguz çagalyk 
zamanynda çendenaşa göwnejaý we makul erdi. Indi beýle 
zatlary eşidýärin, kim ol öz kişiden dininden dönüp, özge 
mabud taňry tapypdyr. Bu iş bize neneň, ar we neneň masga-
raçylykdyr. Biz muňa çydap bilmeris, kim bir gödek bize ne 
butumyza hyýanat we äsgermezlik etmegini».
Geňeş bile Oguzyň kasdyna agyzlaryny birläp çykdylar. 
Kiçi hatyny kim onuň bilen bir ýürek we mährem erdi, bu 
geňeşden habarly bolgaç hemsaýalaryndan (goňşularyndan) bir 
hatyny Oguz gaşyna iberip, bu haly oňa yglan etdirdi. Oguz 
any eşidip, taýýarlyk görmäge başlady, dogrusyny we ýalany-
ny Alla bilsin.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling