Adabiyot 6 (Turkm). indd
OGUZ OGLY GÜN HAN PADEŞALYGYNYŇ ZIKRI
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- DIFA (topar)
OGUZ OGLY GÜN HAN PADEŞALYGYNYŇ ZIKRI
Oguzdan soň Gün han kim, oglanlarynyň iň ulugy erdi. Oguzyň ýerine tagta çykyp oturyp, ýetmiş ýyl padeşahlyk kyldy. Oguz bir şäher bina kylyp, adyny Ýeňikent goýup erdi we bir kişini aňa häkim kylyp erdi, zyýada akyl we kafi ý al- Muhammet (mühümi bitirýän) kişi erdi. Adyna Yrgyl Hoja diýr erdiler. Yrgyl sözüniň manysy «özüne tartmak» we hoja manysy «ulug» diýmekdir. 214 Bu Yrgyl Hoja ruzgär-dide (durmuşy gören) bir garry kişi erdi. Hyzmatyň hakyny ödejek bolup, ol Oguzyň oglan- laryna örän muşfyk we mähriban erdi. Ol bir güni Gün hana diýdi kim: «Oguz ulug padyşah erdi. Tamam älemni basyp alyp, köp hazynalar we mal ýygyp erdi. Indi olar tamam siziňki turur. Siz hem alty ogulsyňyz we Allatagala perma- ny birle ýigrimi dört ogluňyz bar turur kim heriňize tört oguldan bolgaý». Indi maslahat ol turur kim her birige bir mansab (dereje) we şugl (iş) we amal taýyn we nyşanlar tälim edilgeý, diňe şolara degişli hem meşhur bolgaýlar kim, sizden soň biri- birine dawa we jedel kylmagaýlar. Olaryň perzentleri hem öz ýol-yzlaryny bilgeýler kim, döwlet pugtalygyny ýar- damçy we at abraýly bolgaýlar. Bu hekaýat Gün hana deňsiz hoş gelip, bu Yrgyl Hojaga buýurdy kim: «Nämäni maslahat bilseň, andag kyl!» Yrgyl Hoja ol alty ogul kim, Oguz olara Bozok we Üçok lakam berip erdi we ýigrimi tört ogul kim, olardan önüp erdi, her birine bir lakam goýup, bir tamga muaýýan (belli) kyldy kim, mallaryna tamga basgaýlar. Olar şol tamgalar birle mallaryny parh etgeýler. Yrgyl Hoja ýene her bir ogulga guş muaýýan (belli) kyldy kim, anyň uýguny bolgaý. Uýgun «abyk bolsundan» mustak (gelip çykýar) turur, ýagny «mübärek» bolgaýlar. Bu ýigrimi dört oguldan her kişiniň şarhyny (düşündirilişini) olaryň adynyň astynda ýad kylarmyz, bu jümläge kim markum turur. DIFA (topar) Üç ogul kim, olaryň içinde ulugraklary erdi we Oguz olaryň adyny Bozok kylyp erdi we Yrgyl Hoja olaryň per- zentlerine bir ism (at) we lakam goýup erdi, kim her kişi olaryň toparyndan bolsa, süňk we guşa mahsus bolup, bir- birege azar bermegeýler we ol nyşanlar birle halaýyk olary tanagaý. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling