Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
GIÇGELDI MÄMMETGYLYJOW
Sadadyr sada Şeýle bir halk bar, ady Garagalpak, Ýüregi tämizdir, sadadyr sada. Mekan eýlän ýeriň daşlary ýalpak, Kartada seretseň, misli bir ada. Türkmene kowumdaş, dili hem türki, Bugdaýreňk ýüzleri, kem däldir görki, Sultan Weýis dagy ýeriniň örki, Garagalpak halky, sadadyr sada. Kalby giň, myhmana açykdyr töri, Il içinde bardyr ýigitleň zory, Dag gaplaňy, Gyzylgumda ol böri, Dostuna rehimdar, sadadyr sada. Gelin-gyzy salykatly, edaly, Aşyk bolan öz ýaryna wepaly, Özge ýurduň gözellerne ybaly, Asly ýumry-ýumşak, sadadyr sada. Ýomakçy şahyr, hak sözde ýeňilmez, Namartlara boýun burmaz, eňilmez, Kyrk gyzy bar, özge gyza meňzemez, Ýurdunda Gülaýym, sadadyr sada. 232 Berdimyrat Berdak, Ybraýym Ýusup, Şygryýet älemiň deňzine düşüp, Şägirtler jem bolup, bir ýere üýşüp, Ýazan goşgulary, sadadyr sada. Giçgeldiniň ýüreginde hormat bar, Galpak halkym, jahan maňa sensiz dar, Nowruz aýy gökden ýere ýagsa gar, Topragyň özüň dek, sadadyr sada. Mugallym Ak mekdebiň gapysyna baramda, Enem bolup garşy aldyň mugallym. Hopurganyp töwerege garanda, Ata bolup hossar çykdyň mugallym. Elime berende döwet, galamy Kükregime guýduň edep, salamy, Hossarlarym diýdi: “Okat balamy” Watan goragçysy bolsun, mugallym. Elipden başladyk Ýa-da gutardyk, Oýunda utardyk, kä utulardyk, Depderi ýogadyp, depder tutardyk, Geçirimli hem talapkär mugallym. Sapakdan ýaltanyp galaýsak eger, Ertesi käýinip gatyrak deger, Öz-özüni horlap, ökünip meger, Öýüňe bileje gider mugallym. Rowana okarsyň, hatlar ýazarsyň, Bilimiňe görä baha alarsyň. Ylym çeşmesini şeýdip gazarsyň, Bulak suwuň şirin baly mugallym. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling